Ne Zowk-U Sapalar Ýigitlik Bilen – Magtymguly Pyragy

Ne zowk-u sapalar ýigitlik bilen
Bahar bolup geçdi, bizden daş galdy.
Garrylyk ýetişdi müň külpet bilen,
Mizan ötdi, hazan geldi, gyş galdy.
Ömrümni sarp etdim haý bile waýa,
Gulluk-tagat eýlemedim hudaýa,
Ýigitlik eserin ötgerdim zaýa,
Imdi ne güýç-kuwwat, ne bir joş galdy.
Ömrümniň galmady bir zerre şady,
Hiç kimse eşitmez ahy-perýady,
Jismim kebap etmiş aýralyk ody,
Ýürekler gan bolup, gözde ýaş galdy.
Her bir gula şum aýralyk salyndy,
Jismim hazan urdy, güli solundy,
Gaznasy uruldy, öýi talandy,
Ne anda bir akyl, ne bir huş galdy.
Goýdy meni ýüz müň azara pyrkat,
Gijäm uzyn boldy, daň atmak rykkat,
Gussa bilen gün geçirmek muşakgat,
Ne janda parahat, ne bir aýş galdy.
Aýralyk jan-jisme çoh azar berdi,
Renj-u elem çekdim, tenim sargardy,
Gussa bilen saç-sakalym agardy,
Ne ruhda şat, ne köňülde hoş galdy.
Magtymguly, işim kyl-u kal boldy,
Şum aýralyk bile aklym lal boldy,
Bilmedim, ne söwda, niçik hal boldy,
Jan tenden aýrryldy, gury läş galdy.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.