Ne Beýle Sen Adamzat, – Magtymguly Pyragy

Ne beýle sen adamzat,
Çyplak dogduñ, don gerek.
Ak süýt emdiñ, ulaldyñ,
Aglaýyp sen, nan gerek.
Atañ hoşnud bolmaga,
Eneñ mährin salmaga,
Ýediñde din bilmäge,
Okyrga ‘Kuran’ gerek.
Saýlaýyr señ dilbendiñ,
Ýognalar biliñ,bendiñ,
On bäşde arzuwmendiñ,
Gyz gerek, juwan gerek.
Juwan tapdyñ guçmaga,
Aýş-u-aşret açmaga,
Andan soñ iýip-içmäge,
Bir tükenmez nan gerek.
Köñlün ynjydyp halkyñ,
Hoşnud etseñ öz hulkuñ,
Rum, Pereñ bolsa mülküñ,
Heniz ‘azdyr’ kän gerek.
Ýatsañ düşekde bimar,
Yssyg etmez mal-u kär,
Zer dökseñ harwar-harwar,
Göze ilmez, jan gerek.
Doga bilen är gögär,
Ýagmyr bilen ýer gögär,
Är oldur – alkyş alar,
Ýerlere baran gerek.
Ajal geler oýda ýok,
Görmek ýylda, aýda ýok,
Hiçbir zatdan peýda ýok,
Bir nury-iman gerek.
Magtymguly, sözleýen,
Niçe mahfy gizleýen,
Bir magny pähim eýleýen,
Äkylly ýaran gerek.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.