Namut Eken Nazarym, – Magtymguly Pyragy

Namut eken nazarym,
Gördi iki helalan.
Janym rahatyn aldy,
Andan husny-jemalan.
Bar andan ägä boldy,
Özüni ýyrak saldy,
Eşk gözden rowan boldy,
Göýä degmiş mugylan.
Muttasyl eşkim akyl,
Goýmaz görerge bakyl,
Nebsim huýune çekip
Yhlasymdan ýalanan.
Röwende-ýu aende
Zyban seni guende
Mydam olup juende
Til seniň nalanan.
Yşk hanjaryň eýläp tiz,
Sen ele eýläp hunriz,
Tatman anyň le hergiz
Şemmeýi ez basylanş
Pikir ile pany boldy,
Gurbatda haýran galdy,
Yşkyň goşuny saldy,
Aklym mülküne talan.
Magtymguly, şeb-u ruz,
Jan gudaz-u ýürek suz
Bul sebäpden bers-u buz,
Bagra basar suz alan.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.