Namazhon Derwüşler, Döwletli Baýlar, – Magtymguly Pyragy

Namazhon derwüşler, döwletli baýlar,
Pelegiň gerdany keçdir, ýaranlar!
Minnetli okalan namaz ýol almaz,
Döwlete daýanmaň, puçdur, ýaranlar!
Sykylsa burunlar, sararsa ýüzler,
Gurysy dodaklar, bolmasa sözler,
Gögerse dyrnaklar, agarsa gözler,
Imandan özgesi hiçdir, ýaranlar!
Aslyň owuç gumdur, dem bir nepesdir,
Özüňe bir gözle işiň hebesdir,
Jeset bir menzildir, ten bir kapasdyr!
Jan bir gözi bagly guşdur, ýaranlar!
Gapyl bolmaň, dünýä gelen öterler,
Munda hoşwagt bolmaň, bardyr beterler,
Çekiler kerwenler, ýörir hatarlar,
Bir yzy üzülmez göçdür, ýaranlar!
Ajal ýakaň tutar, bir gün bagyrdar,
Giden gaýdyp gelmez, bu bir ugurdyr,
Menziller yrakdyr, ýükler agyrdyr,
Irteräk terpeniň, giçdir, ýaranlar!
Gutular sen hak ýolunda jan berseň,
Hülle bolar bir garyba don berseň,
Saýa bolar bir mätäje nan berseň,
Bir ajy doýurmak haçdyr, ýaranlar!
Bu dünýä diýgeniň iki warakdyr,
Ýarysy garadyr, ýarysy akdyr
Bir gije düýş gördüm, ertiri ýokdur,
Dünýäniň tymsaly düýşdür, ýaranlar!
Magtymguly boýun goýgul bu emre,
Mamla meşgul bolup, galmagyl gümra,
Ýüz ýyllyk tetärik bäş günlük ömre,
Akyl eýläň, niçik işdir, ýaranlar!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.