Namart Kimdir, Biler Bolsaň, – Magtymguly Pyragy

Namart kimdir, biler bolsaň,
Ne diýseň, diýr: “Baş üstüne!”
Azmaýyşyň kylar bolsaň,
Hiç tapylmaz iş üstünde.
Murtun towlap, herýan tartar,
Haýbaty pelenden artar,
Gök dek gürlär, damak ýyrtar,
Häzir bolan aş üstünde.
Aş üstünde it dek hyrlar,
Ýersiz-ýere har dek harlar,
Her tilki bir şir dek gürlär,
Myrdar ölen laş üstünde.
Çöl ýerde göwre galdyrma,
Ol-da hoşdur, syr bildirme,
Lap edip dahan doldurma,
Jeň nan degil diş üstünde.
Diýseler: “Atlan-ha, atlan!”
Sünk çeýnäp iýr arda syrtlan,
Ýow güni gaýrata gatlan,
Lagnat goýma riş üstünde.
Ynsabyn elden byrakmaz,
Maglum, adamlykdan çykmaz,
Bu sözüm haýwana ýokmaz,
Adam sklar guwş üstünde.
Magtymguly, söweş bolar,
Ýigidiň syry paş bolar,
Ýa baş berer, ýa baş alar,
Goçaklar ýoldaş üstünde.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.