Musulmanlar Gylyç Ursa Bir-Bire, – Magtymguly Pyragy

Musulmanlar gylyç ursa bir-bire,
Döwlet dönüp, dinler nogsana gelgeý.
Zulm eýläp, bir-birin alsa ýesire,
Pelek bu pikirden puşmana gelgeý.
Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.
Görelde ýok bolup, bir hesip galdy,
Ýaman ýalawlandy, ýol kesip galdy,
Şerigat hiç boldy, bir täsip galdy,
Zamananyň zowky şeýtana gelgeý.
Diňle, mesgen tutan kişi çöllerde,
Tasaddyk kemelse ulug illerde,
Halk üstüne agram düşüp ýyllarda,
Hastalyk köpelip, kast jana gelgeý.
Musulman sen, habar algyl zulaldan,
Gaçawer haramdan, isle halaldan,
Ölçegin kiçeldip, daşyn ulaldan,
Bereketi göçüp, asmana gelgeý.
Sözümni diňleýe bir bilen, belkä,
Myradym – nesihat etmekdir halka,
Kazysy aňlamaz, begi pis ülkä,
Ýagmyr ýagmaý, ýerler gyzmana gelgeý.
Şere şöhrat bermek – şeýtanyň käri,
Gahryn ýutmak erer rahmanyň käri,
Köpelse her iliň seri-serkary,-
Nyzamy bozulyp, weýrana gelgeý.
Perwerdigär özi pakyra pena,
Ol kimdir, bolmagaý tilinde sena,
Kaýsy welaýatda köpelse zyna,
Zemin jünbüş eýläp, lerzana gelgeý.
Magtmguly, dursam sözüm saçmaga,
Aňlamazlar, ýüz goýarlar gaçmaga,
Her il destur etse şerap içmäge,
Ol ýuwurda tagun durmana gelgeý.
1 „Tabagyn“ diýen nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.