Muhammet Ummaty Malsyz Bolmasyn, – Magtymguly Pyragy

Muhammet ummaty malsyz bolmasyn,
Malsyz bolsa,dogan-gardaş ýat bolar,
Gaçar agaň, iniň bolmaz hatyraň,
Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar,
Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,
Bir märekä barsa, orny aşakdyr,
Garyplar at münüp,depse_ eşekdir,
Döwletliler eşek münse, at bolar.
Bir dileg dileseň,möhümiň bitmez,
Dostuň yhlas bilen merhemet etmez,
Märekede aýdan, sözüň jaý tutmaz,
Diňlemezler, gury,sözüň bad bolar.
Göreş bir abraý,uruş bir destdir,
Kişini kemsiden _ özi näkesdir,
Bir mumine gybat etmek hebesdir,
Gybatkeşiň gazanany ot bolar.
Magtymguly, şükür eýlegil hudaga,
Ölüm barabardyr şah-u gedaga,
Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-dura şat bolar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.