Malyňa,mülküňe Magrur Olunma, – Magtymguly Pyragy

Malyňa,mülküňe magrur olunma,
Eý,ýok ýerden gelen gitdi bu raýa,
Bolar-bolmaz işler üçin ulunma,
Çohlar gelip, batyp galmyş bu laýa.
Köp gerdişler geçirmişdir bu ýurtlar,
Niçe synalarda röwşen bu dertler,
Ýüz öwirdi mundan birniçe mertler,
Birniçeler bal diýip,batmyş beleýa.
Eý,akyly aryg ýigit,munda gel,
Birniçe sözüm bar,jandan gulak sal,
Nirde derwüş görseň,baryp,alkyş al,
Derwüşden ýeg hiç kim ýokdur hudaýa!
Tamugnyň dykanjy zekatsyz baýdyr,
Derwüşe tagyn eden lagny-hudaýdyr,1
Derwüş ýerde derýa,ýa gökde Aýdyr,
Doňuz derýa neýlär,it üýrip Aýa.
Ýalançy ýeri däl,adam uklasyn,
Kim gulak biýr,diňläp,sözün haklasyn,
Magtymguly,nesihat kyl,saklasyn
Täze gelen ärler köne saraýa.
*
1“Derwüşe tagyn eden segi-bijaýdyr“ diýen nusga hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.