Magtymguly – Magtymguly Pyragy

Magtymguly
O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?
O nämedir, aýagy ýok towusýan?
O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
Durdy şahyr:
Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,
Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan.
Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,
Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.
-O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok?
O nämedir, ganaty bar, gany ýok?
O nämedir, adam ýuwdar, jany ýok?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
-Ol kependir ýakasy, bar, ýany ýok,
Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok?
Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok,
Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.
-O nämedir, derwezesiz galadyr?
O nämedir, penjiresiz binadyr?
O nämedir, bir-birinden aladyr?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
-Ol köňüldir, derwesiz galadyr,
Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr,
Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr,
Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.
-O nämedir, iýmediler, doýdular?
Ol nämedir, kyýamata goýdular?
Ol kim idi, dabanyndan soýdular?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
-Ol didardyr, iýmediler, doýdular,
Ol namazdyr, kyýamata goýdular,
Nesimini dabanyndan soýdular,
Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.
-O nämedir, ýedi ülkäni gezýän?
O nämedir, bilini bir zat ezýän?
O nämedir, adam mysaly syzýan?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
-Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän,
Ol goýundyr, taýak bilini ezýän,
Bedew atlar adam mysaly syzýan,
Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.
-O nämedir, toprak üste sürünmez?
O nämedir, adamlara görünmez?
O nämedir, hiç bir dona bürenmez?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
-Erenlerdir, zelil bolup sürünmez,
Ol beladyr, gelse, göze görünmez,
Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez,
Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.