Magrypdan Maşryga Dünýäniñ Ýüzi, – Magtymguly Pyragy

Magrypdan maşryga dünýäniñ ýüzi,
Diýmäñ, bize mälim däldir bu dünýä,
Abady, haraby derýasy, düzi
Ýüz kyrk alty müñ agaç ýoldur bu dünýä.
Bu jahan ýüzünde işler peýdadyr,
Teferrüçdir, tomaşadyr gowgadyr,
Kyrk alty müñ agaç suwdur, derýdyr,
Ýetmiş iki tüýsli dildir bu dünýä,
Bir elli müñ agaç ýollar anda bar,
Döw-peri mesgeni, gullar anda bar,
Daşlar, daglar, aç arslanlar anda bar,
Ol ýerde adamdan çöldür bu dünyä.
On iki müñ agaç jaýy- Hindistan,
Alty müñ agaç ýol arzy-Rumystan,
Tört müñ Saklap, Senjap, tört müñ Zeñistan,
Göýä geçip bargan sildir bu dünýä.
Tört müñ farsah Ýemen, bir müñ-de Bulgar,
Zemini-Ýunan hem bolar ýek hezar,
Müñ agaç ýol dagdyr döwi-merdumhor,
Anda agyp bargan saldyr bu dünýä.
Müñ agaç kelim güwş, ýek dest-u ýek pa,
Bäş müñ agaç Ýajuj, müñ agaç sähra,
Ýedi müñ agaç ýer jezire, dreýa,
Müñ agaç ýer ýatan maldyr bu düñýä.
İki müñ üç ýüz agaç ähli-yslamdyr,
Yrak, Azerbaýjan, Müsürdir, Şamdyr,
Horasan, Fars, Bezirkuhda tamamdyr,
Ýok bolynça, galmagaldyr bu dünýä.
Magtymguly, adyñ döndi Pyraga,
Pyrag bolup, çek özüñni gyraga,
Hasap etdim dünýä başdan-aýaga,
Üç ýüz altmyş ýyllyk ýoldur bu dünýä.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.