Magrur Olma Bu Gondugyň Ýurduňa, – Magtymguly Pyragy

Magrur olma bu gondugyň ýurduňa,
Bibakadyr, eglenmez sen, göçer sen,
Saky ajal döwür-döwür sunular,
Sen hem baryp, bir döwürde içer sen.
Bu rabatda bir diňlän ýok, okan ýok,
Başly bazar, bir gurulgy dükan ýok,
Gamhanadyr, belli menzil-mekan ýok,
Bu mekana gelmiş bolsaň, geçer sen.
Aýralyk ýürekde derdi-dagyňdyr,
Toba kyl taňryga, ýigit çagyňdyr
Ömrüň şugla ursa, ýürek ýagyňdyr,
Ýag tükener, peltäň ýanar, öçer sen.
Gül bolar sen, garyndyrga gulaba,
Lahab guma döner, hanaň haraba,
Süňňüň sürmä döner, teniň turaba,
Doýmaz-dolmaz ýer goýnunyguçar sen.
Dünýä durar, hiç tükenmez bu galla,
Ömür baka berse, kyrkdyr bir pille,
Ajal otdur, ten myltukdyr, jan – gülle,
Ryzk därige ataş düşse, göçer sen.
Ýagşy sagat, ajap wagtdyr, hoş eýýam,
Ömür azdyr, akyl kütah, işiň ham,
Jan bir guşdur, dünýä – däne, pelek – dam,
Haçan mundan gutular sen, gaçar sen.
Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz,
Bidert kişi dertli sözün diňlemez,
Akmak sözden hezl eýlemez, aňlamaz,
Aryf bolsaň, söz magnysyn seçer sen.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.