Kysmat Olmaz, Gidem Uzak Ýollara, – Magtymguly Pyragy

Kysmat olmaz, gidem uzak ýollara,
Nesip goýmaz, gider ýolum baglar, heý!
Haýran-Mejnun bolup, çykam çöllere
Baryp, mesgen tutam sizi, daglar,heý!
Oýun bilen oglanlygyň deminden,
Ýetip geldim kämilligiň çeminden,
Köňlüm lerzan boldy dünýä gamyndan,
Tutdy synam çapraz-çapraz daglar, heý!
Gaýda-gaýda oglanlygyň raýyndan,
Ýetip geldim kämilligiň paýyndan,
Batdy başym, çyka bilmen laýyndan,
Ýada düşer öňki gezen çaglar, heý!
Jahyllykda çar tarapa atyşan,
Bilmezlikde hamy işe gatyşan,
Ajyz galyp, garrylyga ýetişen,
Dert edinip, öz-özünden aglar, heý!
Magny aňlan Magtumguly sözünden,
Pikre düşer, ýaşlar ýakar gözünden,
Hemme zatlar tagýyr tapar özünden,
Ýa, reb, ýykylmazmy beýik daglar, heý!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.