Köp Ýigitler Gelip, Geçdi Jahandan, – Magtymguly Pyragy

Köp ýigitler gelip, geçdi jahandan,
Niýetine görä ykbal bolmady,
Gerdişi keç kahba pelek elinden,
Ertiri şat bolan oýlän gülmedi.
Günde kepen biçer bu ajal haýýat,
Bir beladyr, hiç gutarmaz bu saýýat,
Pelle-pelle aşak düşer adamzat,
Bu gün gördigimiz ertä galmady.
Nesihatym diñle, eşit bu sözi,
Bir degişhanadyr düñýäniñ ýüzi,
Ajal ýetip, adam ýumulsa gözi,
Göýä bu dünýädege geldi, gelmedi.
Hemaýun gorganyn saldyran Harun,
Dünýäni tört bilen kany Feridun,
Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun,
Gözi-gumdan doldy puldan dolmady.
Magtymguly hayran, her ýana bakar,
Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?!
Ýagşy oguldan rahmet arygy akar,
Lagnatkerde ogul boldy, bolmady.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.