Köp Namarda Mal Berip Sen, Dun Dünýä, – Magtymguly Pyragy

Köp namarda mal berip sen, dun dünýä,
Gözi gökde, gaýgysy ýok, sir gider.1
Kany aklyň?Oda düşüp ýan, dünýä!
Ne mertler bar, ýoksullykda hor gider.
Az ömrüňi sürseň elwan aşratda,
Soň şirin jan galar uzyn hasratda,
Akmaklar bu ýerde galar gaflatda,
Akyl bolan öz gamyny iýr gider.
Ne dogry gelene mähriň inderdiň,
Ne gelmäne sowgat-salam gönderdiň,
Hiç parhy ýok sende merdiň, namardyň,
Arslan öter, tilki geçer, şir gider.
Peýda diläp gelen dünýä şahrinden,
Janyn berip, guryp galar gahryndan,
Dünýä mardyr, ol ýylanyň zährinden,
Tüý döküler, ganat gyrlar, per gider.
Dünýä zendir, köp oýnaşly, äri bir,
Bir öpüşde etiň, ganyň sorybiýr,
Ölenden soň şah-u geda bary bir,
Munda her kim boldujagyn goýr gider.
Adam ogly ýalançynyň ýalanyn,
Çyn sanypdyr egri bakyp gülenin,
Gam çekme, eý dünýä, her kim alanyn –
Karz malyňdyr, ýene gaýdyp biýr gider.
Magtymguly, güýçli bile dalaşmaň,
Haýry goýup, şer işlere ulaşmaň,
Ýagşy, ýaman sözüm köpdür, gülüşmäň2
*
1 „Gözi gökde gaýgysy ýok, iýr gider“diýen nusgasy hem bar.
2“Ýagşy, ýaman sözüm köpdür, galyşmaň“ diýen nusgasy bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.