Köňül Perwaz Eýläp, Galdy Ýerinden, – Magtymguly Pyragy

Köňül perwaz eýläp, galdy ýerinden,
Howalanmyş, gökden inmez, ýaranlar,
Bir hyýala düşmüş, çykmaz serinden,
Bu hyýaldan gaýdyp dönmez, ýaranlar.
Noş edipdir muhubettiň gandyndan,
Gulak tutmaz zahydlaryň pendinden,
Turdy mekanyndan, çykdy bendinden,
Dolanyp, ornunda gonmaz, ýaranlar.
Yşk işini akyl eden, huş eden,
Aýylarmy yşka düşüp, joş eden,
Ýar elinden ary bada noş eden,
Agzyn goýsa, içer, ganmaz, ýaranlar.
Bir hat bardyr ol Patmanyň saçynda,
Okudarlar magşar halkyn seçende,
Bir ot bardyr aşyklaryň içinde,
Bu otlar dek, belli, ýanmaz, ýaranlar.
Magtymguly, yşk özünden bat eýlär,
Yşk işidir, aşnalary ýat eýlär,
Ýalynsyz ýandyrar, ýelsiz ot eýlär,
Her zamana çekse, sönmez, ýaranlar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.