Köňül, Ne Iş Bitirdi, Geldiň Jahan Içinde, – Magtymguly Pyragy

Köňül, ne iş bitirdi, geldiň jahan içinde,
Galdyň dünýä gamynda, ýüregiň gan içinde,
Abat diýip, el sunduň, düýbi weýran içinde,
Ten toprakdyr, eglenmez jöwheri jan içinde,
Rüstem guma garylyp, galdy ýegsan içinde,
Sen alarnyň ýanynda gelmez sen san içinde.
Dünýälik diýip ýügir sen, tä içinde dem bardyr,
Dem içinden çykynça, başynda müň tam bardyr,
Gam astynda ýatar sen, ne aňa melhem bardyr,
Doýmaz gözüň dolmaga bir goşawuç gum bardyr,
Bu jahanda, adamzat, senden gapyl kim bardyr,
Gurda, guşa nazar kyl külli perman içinde.
Eý, ýaranlar ol dünýä baran bar-da, gelen ýok,
Öli-diri halyndan habar, hatyr bilen ýok,
Çarhy pelek elinden aglan bar-da, gülen ýok,
Akyl ediň, gardaşlar, könelerden galan ýok,
Ýalançynyň wepasy ýokdur diýsem, ýalan ýok,
Dünýäge bil baglagan, galdy zyýan içinde.
Ýa, ylaha, sen sakla garakçydan ýollarda,
Sagda-solda çaparlar byrakmaýyn çöllerde,
Köňül dünýä yşkynda, haram sözler tillerde,
Men bir ajyz bende men, kemine men gullarda,
Köp günäler gazandym, az pursatly ýyllarda,
Hyjalata goýmagyl ýagşy-ýaman içinde!
Magtymguly, aldaýyr gahba dünýä bezenip,
Köňlüňi maýyl kylma aňa garşy düzenip,
Ne parahat ýatyr sen el-aýagyn uzanyp,
Ajal ýatyr keýniňde okun-ýaýyn gezenip,
Magşar güni barawer imanyňny gazanyp,
Gury geldiň, boş gitme ahyrzaman içinde!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.