Köñül Bir Beden Şahydyr, – Magtymguly Pyragy

Köñül bir beden şahydyr,
Her söz köñül joşundadyr,
Ýedi yklymyñ tagtynda,
Her biri bir işindedir.
Daglaryñ çykyp, inmesi,
Çohlaryñ göçüp-gonmasy,
Dünýäniñ agyp-dönmesi,
Pelegiñ gerdişindedir.
Kimdir bu dünýäge galan,
Maña çyndyr, size ýalan,
Bir akdyr, bir gara ýylan,
Süleýmanyñ gaşyndadyr.
Degresi zümerret daşly,
Ner babatly, kerg gardaşly1,
Altyn tagtly, almaz täçli,
Döw begleri daşyndadyr.
Aýlanar, geçer döwranlar,
Gojalar gurlan eýwanlar,
Gündiz ýarga2 aşna janlar,
Gije ýatsa düýşindedir.
Üç essesi däli derýa,
Bir esse ýerde müñ gowga,
Kim bilerki köne dünýä,
Ýa, reb, niçe ýaşyndayr?!
Magtymguly diýr, haraýdyr,
Ajal okdur, pelek ýardyr,
Dünýä bir gahba heleýdir,
Adamzadyñ başyndadyr.
*
1.”Ner, maýaly, kyrk gardaşly ” diýen warianty hem bar.
2. ” Gündiz gören ” diýen nusgasy-da bar
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.