Köňül Berdim Bir Biwepa Mahbuba, – Magtymguly Pyragy

Köňül berdim bir biwepa mahbuba,
Çykdy elden, dagy jana dert oldy,
Aşyk diýr: „Bakmanam indi ol huba“,
Ýol üstünden düşdi, gözüm tört oldy.
Menlik bilen etdim işimni zaýa,
Ykbalym eşegin batyrdym laýa,
Ýa bir merde ýykyl, ýa-da hudaýa,
Bende işi baş tutmady, art oldy.
Tugunym tur bolup gaçdy saýatdan,
Göwre gamdan doldy, ýürek hem otdan,
Gorkaram, ýar bizi çykarar ýatdan,
Aýry ýerde mesgen tutdy, ýurt oldy.
Sonam el bermedi, saldym bazymny,
Laçyn kowdy, garga aldy gazymny,
Şunça pakyrlyga urdum özümni,
Tilkilenip gezdim, adym gurt oldy.
Magtymguly, ýüregimde dert dörär,
Kim görüpdir, koý içinden gurt dörär,
Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dörär,
Kaçan turdy-namart ogly mert oldy.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.