Köňül Aýdar Halkdan Galyp, – Magtymguly Pyragy

Köňül aýdar halkdan galyp,
Gezsem daglar,daşlar bile,
Ýazygymny ýada salyp,
Ýüzüm ýuwsam ýaşlar bile.
Her kim,görsem,bir pişede,
Meniň köňlüm endişede,
Kuhy-ser içre köşede,
Otursam agaçlar bile.
Garry dünýä al içinde,
Adamzat hyýal içinde,
Jahan galmagal içinde,
Her kim ýüz talaşlar bile.
Allanyň yşkynda mestler,
Duş gelişmez zeberdestler,
Köňül perwaz urar dostlar,
Durmaz ýüz alçlar bile.
Köp köýler bile oturdym,
Bilmedim,ne iş bitirdim,
Gurmah bolup ýol ýitirdim,
Oturdym biweçler bile.
Bikär goýma ömür tagty,
Oýandyrsak uýumyş bagty,
Doga kylyp,säher wagty,
Nalyş kylsam guşlar bile.
Magtymguly tofyk alsam,
Bir är tapsam,gullyk kylsam,
Köňül aýdar: ýoldaş bolsam,
Dem çeken derwüşler bile.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.