Köňlüm Istär, Gezsem Dünýä Älemi, – Magtymguly Pyragy

Köňlüm istär, gezsem dünýä älemi,
Ganatym ýok, uça bilmen , neýläýin?!
Okyr men, görer men föwzül kelamy,
Manysyny saça bilman neýläýin?!
Köpler anda guwwas bolup ýüzerler,
Maňa zahyr, halkdan pynhan gezerler,
Gül badada gülgün şerap ezerler,
Gol uzadyp, içe bilmen, neýläýin?!
Öý daşyndan şerap ysyn noş kyldym,
Gitdi aklym, özüm bilmeý, hoş kyldym,
Meý – mest boldum, dersiz gapa duş boldum,
Rugsat bolmaý ,aça bilmen , neýläýin?!
Ýitdi ýolum, dag kaýsydyr, düz kaýsy,
Aňmaz köňlüm magny haýsy, söz kaýsy,
Pähim eýlemen, ýol kaýsydyr, yz kaýsy,
Umyt özüp, gaça bilmen, neýläýin?!
Magtymguly, bu dünýäniň hamusyn,
Ýygyp, düýrüp, ele berdim namysyn,
Pikir derýasyna aklym gämisin
Batyrmyşam geçe bilmen neýläýin?!
*
1„Meý – mest boldum, dur sagyra duş boldum,
Rugsat bolmaý ,aça bilmen , neýläýin?!“ diýen warianty hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.