Köňlüm Aýdar, Dostlar, Eýläýin Beýan, – Magtymguly Pyragy

Köňlüm aýdar, dostlar, eýläýin beýan,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana,
Dünýä üçin şerigatny taşlaban,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Mollalar ylmyna etmedi amal,
Şerigat işine eýlemeý jedel,
Pälimiz bozulyp, köpeldi kesel,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Müftüler mal alyp, rowaýat berer,
Nähak pulny alar, hakny köýdürer.
Pälleri bozulyp, pisat köpeler,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Reýis bolan paýekiden pul alar,
Bermese, boýnyga gyl arkan salar,
Günäler köpelip, şerigat galar,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Işanlary yrýa eýlär namazyn,
Gaflatda ötürer gyş bile ýazyn,
Ýalan sözläp, ilden alar nyýazyn,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Sopular nebs üçin mele don geýip,
Şübheli tagamny halal diýip iýip,
Şeýtan pygly birlen keramat diýip,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Şyh bolanlar nezr üstünde uruşyp,
Bir pul üçin zen, perzende sögüşip,
Öwlüýä gapysynda mundag boluşyp,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Hojalar fahr eder asly zatyny,
KyýamYsameddin goýup adyny,
Pylan kes hoja diýp hem öwladyny,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Kethuda bolanlar dogry sözlemez,
Para alar, leýken hakny gözlemez,
Nähak güwä bolar, dawa düzlemez,
Bimenem, ýakynmy ahyrzamana.
Baýlarda galmady haýry-sahawat,
Dünýä diýp gezerler bolmaý parahat,
Garyplar baýlardan görmez kipaýat,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Ogly hoşroý bolsa edermişler şat,
Göýä ki, döwleti bolandyr zyýat,
Gün-günden jahanda köpeldi pisat,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Gyz juwanda ýokdur haýadan eser,
Ýigitler gyz bile oýnaýyp gezer,
Ýaman iş köpeldi gün-günden beter,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Zamana işleri ýaman bolupdyr,
Jahan içre pisat işler dolupdyr,
Pälimiz gidiban, reňler solupdyr,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Baýlar zekat bermeý, bolupdyr süýthor,
Il içinde köpelipdir husythor,
Ömür ötüp, gaflata bolupmyz magrur,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Günäler köp bolup, egsildi sogap,
Gorkar men, bu jahan bolmagaý harap,
Kesp edip satarlar arag-u şerap,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Magtymguly, munça kylmak hekaýat,
Akyllara şaýed, bolgaý kipaýat,
Dünýäniň işine ýokdur nehaýat,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.