Kimýany Torpaga Seçseň, – Magtymguly Pyragy

Kimýany torpaga seçseň,
Torpakdan zer behem eder,
Her närsäni, ýere sepseň,
Sepdigiň ýer behem eder.
Ýagşy-ýaman bolmaz mälim,
Her kim öz bilende alym,
Munda nobat sürse zalym,
Ýyl-ýyldan şer behem eder.
Ýagşy ýigit ýol ýitirmez,
Jäht kysmatdan köp getirmez,
Müň gaýgy bir iş bitirmez,
Töwekgel – ner behem eder.
Berimiň bolsa her kanda,
Gören saňa bolar bende,
Bethüýnüň – duşman ýanynda,
Ýagşylyk – ýar behem eder.
Magtymguly söýlär sözde,
Gaýrat – ötde, haýa – gözde,
Ýyl-ýyldan bu ýurdumyzda,
Zulm artyp, zor behem eder.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.