Kimsäm Bardyr,arzym Ýara Ýetirsem, – Magtymguly Pyragy

Kimsäm bardyr,arzym ýara ýetirsem,
Yşk oduna köýdüm gitdim köz bile,
Gelip,eli bile odum öçürsin,
Yogsa sönmez baran bile,buz bile.
Gelen geçdi,gelejege ýurt goýdy,
Aşnalygy namart açdy,mertgoýdy.
Ýar synamda dag üstüne dert goýdy,
Dert üstüne burç goýupdyr duz bile.
Magşugym tapdyrmaz,tapsam,el bermez,
Ykbalym oýanmaz,bagtym hem turmaz,
Ýüregim ynjalmaz,köňül hem durmaz,
Yar jemalyn görmeginçä göz bile.
Bir derde duşup men,hiç kimse bilmez,
Isa aňmaz,Lukman çäresin kylmaz,
Geler-turmaz,duman başdan sowulmaz,
Her zaman bir dert egser men söz bile.
Bu dünýä malyndan kim eltdi bir zat,
Owwaly gam,gaýgy,ahyr berbat,
Bolajagyň budur seniň,adamzat,
Ýok bolar sen toprak bile,toz bile.
Magtymguly,ne menzildir,durar sen,
Ýurt kimiňdir,agyr işler gurar sen,
Kysmat olsa,garyş ýere girer sen,
Nesip etse,alty arşyň biýz bile.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.