Kerem Eýle, Ýa Reb, Gudratly Subhan, – Magtymguly Pyragy

Kerem eýle, ýa reb, gudratly subhan,
Garyp, gamgy n geçen halyma meniň.
Aklym haýrandadyr, etmişem puşman,
Bilmezlikde geçen salyma meniň.
Magşar gün bolmasaň sen maňa dalda,
Ýa reb, niçik bolar işim şo halda.
Imanym matagyn aparan ýolda,
Rehzenler goýmagyl ýoluma meniň.
Din gylyjyn ursam, tende zorum ýok,
Mätäje nan biýre elde zerim ýok,
Pakyr menem, senden özge ýerim ýok,
Bir teselli bergil köňlüme meniň.
Istese deň-duşlar başa altyn täç,
Pakyrlyk mülkünden maňa bergin paç,
Ýa, ýaradan, etme namarda mätäç,
Dilegim, duş etme zalyma meniň.
Ajyz menem, senden özge kimim bar,
Öz beren janyňa jebr etme, jepbar,
Magtymguly aýdar, keremli gaffar,
Bakma kyldygyma, pälime meniň.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.