Kerem Etseň, Kadyr Alla, – Magtymguly Pyragy

Kerem etseň, kadyr alla,
Dünýälikden at islärin.
Talygym ukuda galmyş,
Bir açylmyş bagt islärin.
Ýoksyzlyk bir ýaman ýoldur,
Pakyr menem, golum galdyr,
Halal ryzk ber, kesp bildir,
Kimiýa atlyg ot islärin.
Ýalan dünýäde ýörmäge,
Döwlet ber, aşret çürmäge,
Ömür ekläp, gün görmäge,
Segsen ýyl pursat islärin.
Hajy Bekdaş, Abdylkadyr,
Hoja Ahmet, Ymam Ryzadyr,
Feridun bir öwliýädir,
Barandan hümmet islärin.
Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galmasyn puştwa-puştum,
Berkarar döwlet islärin.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.