Jelaleddin Mohammad Rumy Balhi Biyografi

Jelaleddin Mohammad Rumy Balhi Biyografi

Bütin ömri hem döredijiligi ynsansöýüjiligin belent ideýala­ryna ýugrulan Jelaleddin Rumynyn dünýäden öteli bäri ýedi ýüz ýyldanam köp wagt geçdi. Sunça wagtyn dowamynda mu­sulman Gündogarynyn ähli ýurtlarydan onun mazaryna zyýa­rata gelýänlerin sonsuz akymynyn yzy üzülenok. Gündogaryn bu beýik akyldar sahyrlarynyn ömrüne, döredijiligine bagysla­nan ençeme düýpli isleri bilen tanalýan görnükli rus ýazyjysy hem türksynasy Radiý Fis ol baradaky belli roman-dernewinde beýik ussady mazarynyn üstünde bina edilen metjitde häzir muzeýin döredilendigini, ona-da her günde on alty müne çenli adamyn zyýarata gelýändigini belleýär.

Sol döwürden bäri geçen sunça wagtyn içinde dürli dini yg­tykatly, bütinleý gapma-garsy garaýyslara uýýan adamlaryn arasynda ol hem onun döredijiligi baradaky gyzgyn jedeller ki­parlaman gelýär. Ony sahyr, sopy, filosof, din taglymatçysy, fakyh (dini kanunlary düsündirýän ruhany) we s.m atlandyrýar­lar. Jelaleddin Rumy hakynda biri beýlekini inkär edýän çapraz garaýyslary öne sürýänlerin hemmesi ahyrsonunda bir hakyka­ty – onun genial sahyrdygyny, gaýtalanmajak ussatlygyny, se­tirlerinin batyrgaý ideýalara ýugrulandygyny… biragyzdan boýun alýarlar.

Ölmez-ýitmez eserleri bilen adyny dünýä edebiýatynyn ta­ryhyna ebedilik ýazan bu beýik sahyr Balhda (häzir – Owga­nystanyn demirgazygynda ýerlesýär) hijri sene hasabynyn 604­nji ýylynyn rabeulawwal aýynyn 6-synda dünýä inipdir. Bu se­ne bizin häzirki ulanýan hasabymyzda 1207-nji ýylyn 30-njy sentýabryna gabat gelýär. Bu sene rus dilinde dürli ýyllarda ne­sir edilen islerin hemmesinde birmenzes görnüsde berilýär. Ýö­ne dine E.D. Jawelidzenin „U istokow tureskoý literatury”, ­„Türk edebiýatynyn gözbasynda” („Mesniýereba” nesirýaty, Tbilisi, 1979) atly kitabynyn 13-nji sahypasynda görnükli türk edebiýatçysy Abdylbaky Gölpünarlynyn sonky döwürlerde möhüm çesmelere salgylanyp, sahyryn doglan senesinin 1184­nji ýyl diýlip görkezýändigi baradaky maglumat-da gabat gel­mek bolýar.
Sahyryn ejesine Mömine hatyn, kakasyna bolsa Bahauddin Woled diýipdirler. Onun kakasy öz döwrünin örän ýokary de­rejedäki sowatly adamy bolany üçin „Soltan al-ulema” (Alym­laryn soltany) diýen belent derejä mynasyp bolupdyr. Tanymal kanun öwreniji hem sopy hökmünde, onun ruhy ýakynlygy meshur sopylaryn halypasy bolan beýik filosof Muhammet al­Gazalynyn dogany Ahmet Gazala baryp direýär. Bahauddin Weleddine dahylly bilimleri, serigatyn kada-kanunlaryny düýp­li özlesdirip, olary adamlara wagyz edipdir. Ol ençeme sägirtle­rine tarykaty (ruhy kämilligin ýollaryny) öwredipdir. Kakasy­nyn dini hem filosofik garaýyslary, onun ruhy taglymatyny özünde jemleýän „Magaryf” atly kitaby ýas Jelaleddinin dün­ýägaraýysynyn kemala gelmegine, kämillesmegine ullakan täsirini ýetiripdir.
Bahauddin Weledin garaýyslary aglaba ýagdaýlarda öz en­çeme döwürdesleridir Horezmin sasy Muhammedinki hem bir­näçe klassik eserlerin awtory, Balhda ýasan belli teolog /teolo­giýa – Hudaý hem-de dini dogmalar hakyndaky taglymat/ Fahreddin Razynynky /1149 -1210/ bilen çapraz gelipdir.

Käbir çesmelerin habary bermegine görä, sahyryn ata-baba­lary ol dogulmazyndan bir asyr ozal Balhda ornasypdyrlar hem Horezm salarynyn kösgünde uly ormat-sarpadan peýdalanyp­dyrlar. Bu fakty sahyryn atasy Jelaleddin hatib Huseýinin Ho­rezmin sasy Alauddin Muhammedin gyzyna öýlenendigi-de tassyklaýar.

Bahauddin Weled 1212-nji ýylda bütin masgalasynam alyp, Mekge zyýarat etmek bahanasy bilen, Balhdan göçp gidýär. Sol wagt Jelaleddin bäs ýasynda-da ýetmedik çaga eken. Bu göçüsligin sebäbini käbir çesmeler alymyn Muhammet sadyr Fehreddin Razy bilen onusmazlygynyn neyijesi diýip düsündir­ýärler. Suhangeýlik sungatyny kemsiz ele alan, köskde-de, halk köpçüligin arasynda-da uly abraý-hormata eýe bolan alymyn ol ikisi bilen mäsinin bisismezligi bu isin sonunyn erbede ýazmak howpuny döredipdir. Sulhy almaýan adamynyn ýoguna ýanma­gy hiç zatça görmeýän Muhammet sanyn gazabyndan ätiýaç edip hem „Ýagydan ýaý boýy” nakylyna eýerip. Bahauddin Weled „depegenden dasaryk” bolanyny kem görmändir. Galy­berse-de, Muhammet sanyn özüni Allanyn ýerdäki kölegesi saýyp. Ural daglaryndan Pars aýlagyna. Hindigusdan Ýefrat derýasyna çenli aralygy tutup ýatan ägirt uly döwletin abadan­çylygy barada alada etmän, täze ýörüse taýynlanan bolup ýöre­megi, sanyn özüne hem beýleki kösk emeldarlaryna uly täsirini ýetirýän filosof Fahreddin Razybilen alagöz bolmagy… onun seýle karara gelmegine itergi beripdir. Kösgün içindäki agzala­lyklar, sanyn halkyn hiç bir gatlagyna bil baglap bilmezligi ýurda gara bulut ýaly abanyp gelýän howpy duýmazlyga salyp, onun garsysyna deerli çäre görmezligi ýaly ýagdaýlaram önkülerin üstüne urna bolýar. Bu zatlaryn bary Bahauddin Weledin kalbyndanärazylyk hem ýigrençduýgylaryny göredipdir. Käbir çesmeler onun ýurdy taslap gitmeginin düýp sebäbinin sonun yzýanynda ýüze çykan aýylganç uruslar – mongol-tatar basybalyslary bilen baglydygy baradaky pikire golýapýarlar. Dogrudanam, sol wagtlar Çingiz hanyn bas­tutalygyndaky mongol-tatar gosunlary Horezmin sasy Muham­medin /hökümdarlyk eden döwri 1200-1220-nji ýyllar/ imper­ýasynyn gündogar serheterine golaý gelipdir. Sanyn döwleti dolandyrysyndan göwni suw içmeýän alymyn ähli zady ölçe­rip-döküp, uruslar zerarly ýurdyn basyndan inip biljek külpetle­ri önünden anan bolmagy-da gaty ahmaldyr.

Taryhy hronikalar Bahauddin Weledin Mekgä barýan ýolu­nyn Nisapuryn üstünden geçendigine, onun sol ýerde düsläp, meshur sopy sahyr Ferideddin Attar bilen dusasandygy, onun bolsa öz „Asrarnama” /”Syrlar kitaba”/ atly belli eserini körpe Jelaleddine sowgat berip, onun kakasyna: „basym oglyn bütin dünýäde Hudaýy söýýänlerin kalbynda alaw ýakar” diýendigi barada maglumat berýärler.

Nisapuryn ugransonlar, olar binäçe gün Bagdatda bolup, son Mekge tarap ýola rowana bolýarlar. Haj parzyny berjaý edeninden son Bahauddin Weled biraz wagt Damaskda ýasaýar, sonra Malatiýä geçýär. Çaky, ol säherde rahat ýasara hem islere amatly sertler bolmany üçin ol Arzinjan säherinde mekan tutmagy ýüregine düwýär. Sol wagtlar sähere Mangujak türki dinastiýasyndan bolan Fahriddin Bahram sa hökümdarlyk edipdir. Ol saherde dört ýyl ýasanson, Lorenda /häzir – Kara­man/ säherine geçýär. Sahyryn emiri Musa ony uly hormat bi­len kabul edýär hem ýörite onun üçin gurlan medresä müderris­mugallym edip belleýär. Lorandadaka Bahauddin Weled 1225­nji ýylda Jelaleddini samarkantly atly söwdagär Hoja Lalyn gy­zy göwhere öýlendirýär. Bir ýyldan son olaryn ogly bolup, adyna Soltan Weled dakýarlar. Sonra ol görnükli sahyr bolup ýetisýär hem atasy Bahauddin Weled bilen kakasy Jelaleddinin Rumynyn gosgy bilen ýazylan terjimehallary bolan „Weledna­ma” atly meshur poemasyna döredýär.

Alymyn at-owazasy tizara Kiçi seljuklar döwletinin paýtag­ty Konýa baryp ýetýär. Ol döwlet XII asyryn ortalaryna Wizantiýa imperýasynyn uly bölegi bolan Kiçi Aziýany seljuk tükülerinin taýpalarynyn basyp almaklary netijesinde döräpdir. Sonra hiç göterijilere, ownuk ermeni kniýazlaryn ahem frank feodallaryna garsy uzaga çeken uruslar netijesinde seljuklara özlerinin Kiçi Aziýadaky serhetlerini gineltmek basardypdyr. „Beýik seljuklaryn” imperiýasy synandan son Kiçi Aziýanyn hökümdarlary soltan titulyny alyp, özlerinin özbasdaklygyny yglan edýärler. Hökümdarlaryn sol titulyndanam döwletin bas­ga belli ady – Rum soltanlygy döreýär. Rumun soltanlary /Kiçi Aziýanyn seljuklar döwleti/ giçki döwürde seljuk taýpalarynyn nesilleri ýaly, hakyky türki atlary göteripdirler. Ýöne sol bir wagtyn özünde-de, öz atlaryna yslamdan önki Eýranyn ýarym rowaýaty salarynyn lakamlaryny gosupdyrlar. Keýhosrof , Keýkubad XII asyryn baslaryna gabat gelip, sol döwürde Kiçi Aziýanyn bütin territoriýasy diýen ýaly onun düzümine girip­dir. Musulmanlardyr haç getirijilerin arasynda uzaga çeken ga­zaply söwesler Siriýanyn üstünden geçýän söwda ýollarynyn howyply bolmagyna getirýär. Seýlelikde, täjirlerin kerwenleri Kiçi Aziýanyn üstünden geçýän täze ýoly saýlamaga mejbur bolýarlar. Köp ýurtlardan gelýän kerwenlerin hasabyna söwdanyn ginlemegi Rumyn säherlerinin barha baýlasmagyna getiripdir. Sol baý säherlere Orta Aziýanyn hem Eýranyn dürli künjiklerinden gowy durmus arzuwlap, alymlar, arhitektorlar, sahyrlar köpçülikleýin gelip ugrapdyrlar. Olaryn sol säherlere özlerine atmaklaryna serbäp bolan ýagdaýyn esaslarynyn biri­de baran ýerlerin ilatyny gyrgyna berip, ýurtlaryny weýran edýän mongol-tatar gosunlarynyn zalymlyklary bolupdyr. Seý­le adamlaryn toplanmagy bolsa, Kiçi Aziýada pars dilli edebi­ýatynyn, filosofiýanyn, sopuçylyk taglymatynyn hem orta asyr gündogarynyn beýleki ylymlarynyn ösmegine uly itergi beripdir. Bulardan basga-da, ol säherlerde grekler, ermenler ýaly halklardan bolan hristiýanlar ep-esli mukdarda ýasap žiwopis, amaly-hasam sungatlarynyn ösmegine ýardam edipdirler. Kiçi Aziýanyn säherlerin içinde Rum soltanlaryn paýtagty bolan Koniýa aýratyn saýlanypdyr. Ol Ýakyn Gündo­garyn uly medeni hem syýasy merkezi bolupdyr. Sol düwürden bizin günlerimize gelip ýeten arhitektura ýadygärlikleri binä­gärlik tarapyndan gündogar stilinde salnys, wizantiýa sungaty­nyn däplerinin in gowy nusgalaryny özüne jemläpdir. Konýede köp sanly uly medreseler, metjitler bolup, olara esasan, orta Aziýada hem Horasandan baran alymlardan sopular bas­tutanlyk edipdirler.

Bahauddin Weledin soltanlykda barha artýan at-abraýy soltan Alauddin Keýkubat (hökümdarlyk eden wagty – 1219­1237-nji ýyllar) ony Konýa çagyryp, paýtagtyn in uly medresesine bas müderris – mugallym wezipesine bellemegine sebäp bolupdyr. Bu çakylyga razy bolan alym 1228-nji ýylda masgalasy bilen Konýada megen tutýar. Dine bir seljuk sol­tanyn merhemedi däl. Eýsem özünin ägirt gin gözýetimi dinin kada-kanunlaryny, hukuk ylymlaryny hem sopuçylyk filosofiýasyny çunnur bilmegi uzak Mewerennahrdan ýanky gelen alnma hemmelerin hormat-sarpa goýmagyna getiripdir. Ýas Jelalleddine goýulýan sylag-sarpa-da kakasynynkydan pes bolamdyr. Sol wagta çenli ol kakasyndan hem Siriýadyr Kiçi Aziýanyn dürli medreselerinin mugallymlaryndan dine bir musulman Gündogarynyn ylymlarynyn esaslaryny däl, eýsem, köp sanly antik hem orta asyr Ýewropa akyldarlarynyn filoso­fik taglymatlaryny-da özlesdiripdir. Bu taglymatlary sol dö­würde haçly ýörüslere gatnasan hristian missionerleri – basga dinlerin arasynda dini propagandany geçirmän üçin hristian buthanasy tarapyndan iberilýän adamlar ýaýradypdyrlar.

1231-nji ýylda Bahauddin Weled aradan çykanson, onun ornuna Jelaleddin bas müderris belleýärler. Sondan bir ýyl ge­çenson Bahauddin Weledin ýakyn dostlarynyn hem egin­deslerinin biri, meshur alym, sopy Seýit Burhaneddin Muhak­kyk Termezden Konýa gelýär. Dostunyn hatyrasyna aýat-töwir edeninden son, ol onun oglunyn geljegi barada aladalanyp ugraýar. Seýlelikde, ol ýas Jelaleddinin ruhy halypasy bolýar.
1223-nji ýylda halypasynyn maslahaty boýunça Jelaleddin Rumy Halaba ugraýar. Onun niýeti sol säherdäki meshur medreselerde öz bilimini artdyrmak bolupdyr. Halap sol dö­würde Orta Gündogaryn uly alymlarynyn, sahyrlaryn, beýleki medeniýet wekillerinin toplanan säheri bolupdyr. Solaryn ara­synda alys Aldaluziýadan gelen, sopuçylyk taglymatynyn belli teoretigi Muhammet ibn Araby-da (1160-1240) bar eken.
Jelaleddin Rumy Halapda öz tanymal mugallymlary bilen söhratlanýan Halawiýa medresesinde filosofiýadan hem tebigat ylymlaryndan bilimini kämillesdiripdir, sol döwrün görnükli sopulary bilen gatnasykda bolupdyr. Solaryn arasynda Muham­met Ibn al-Arabynyn bolan bolmagy-da juda ähtimal.

 

 

Halapda dert öyl bolanyndan son Rumy sol wagtlar Gündo­gar ylmynyn hem filosofiýasynyn möhüm merkezlerinin biri bolan Damaska gidýär. Ol ýerde öz anyny barha güýçli tolgun­dyrýan sopuçylyk taglymatynyn köp sanly akymlaryny düýpli özlesdirýär.
1240-njy ýylda ylym-bilimden kemsiz ýüküni tutan Jelaleddin Rumy Konýa dolanyp barýar. Ony öz halypasy, talyplar hem kösk emeldarlary güler ýüz bilen garsylaýarlar.

Ömrünin ýene dert ýylyny medresede sapak berip, asudalykda geçiren Rumynyn durmusynda 1224-nji ýylyn agyrynda uly öwrülisik ýüze çykýar. Bu ýagdaý sol ýylyn noýabr aýynyn ahyrynda diwanalyk edip ýören sopy Semsed­din Töwrezinin Konýa gelmegi bilen barlanysykly. Sahsyýeti birgideni ynanyp bolmajak derejedäki köp sanly rowaýatlar bilen gursalan bu sopunyn ömri häzire çenli syrlygyna galýar. Çesmelerin ýazmagyna görä, ol Töwrizde mata satýan edepdir.
Paranda (Gus) lakamyna eýe bolupdyr. Ähli aýdanlaryna doly boýun egýän okuwçylary ony keramatly, Hudaý bilen gyryl­mak derejesine ýeten adam hasaplapdyrlar.

Jelaleddin Rumynyn terjimehalyny öwrenijiler onun Sem­seddin Töwrizi bilen birinji dususygy mahalynda bolup geçen täsin bir wakany mysal getirýärler. Medresedäki okuwy tamamlan Rumy okuwçylary bilen säherin köçelerinde aýlanyp ýörkä garasylmadyk ýagdaýda Töwrizi bilen gabat gelipdir. Sonda töwrizi ona: „Sen Muhammet pygamber bilen sopy Baýazidin haýsyny has beýik hasaplaýan?” diýip, kyn hem töwekgel sorag beripdir. Samseddin Muhammet pygamber bilen Baýazidin sözlerini mysal getirip,ona garsy çykypdyr. Rumynyn terjimehalyny ýazan Aflaky onun sözlerini esiden Jelaleddinin özünden gidip, ýykylanyny, birnäçe wagtdan son husuna gelen Rumynyn Töwrizini öz hüjresine äkidip, ol ýerde kyrk günläp onun bilen ikiçäk söhberdes bolanyny belleýär.

Ol ikisinin ilkinji dususygy barada beýleki käbir çesmelerde basgaçarak maglumatlaram dus gelmän duranok. Ýöne ol wersiýalarynam manysy bar zada-Jelaleddinin Rumynyn anýynda düýpli özgerisligin bolup geçendigine syrygýar. Sondan son Rumy özünin ylmy bilen bagly islerini bes edip, medresede ders bermesini-de goýupdyr. Wagtyny bir ýere toplanyp, mistiki mazmunly gazallar aýdysyp, ahyrynda-da ekotaw ýagdaýyna baryp ýetýän sopularyn arasynda geçiripdir. Namaza derek Rumy hem onun okuwçylary saza gosup, göýä önlerinde Hudaýyn kesbini görkezýär diýlip hasap eilýän syrly tanslary ýerine ýetiripdirler. Gepin keltesi, Rumy lukgeligi bilen özüni sopuçylaga hem onun ideýalaryny wagyz etmeklige bagyslapdyr.

Samseddin Töwrezi bilen dususykdan son Rumynyn durmusynda ýüze çykan bu düýpli hem duýdansyz öwrülisik onun okuwçylarydyr yzyna eýerijileri serpmeden gaýdan ýaly edipdir. Olaryn Töwrize bolan gahar-gazaplary gün-günden artypdyr. Halypalaryny önkihalyna getiresleri gelipdir. Ahyrda­da olar ýurt söküp, sergezdanlyk edip ýören sopudan dynma­gyn çäresini gizläp ugraýarlar. Muny Samseddinin özem açyk duýýar. Birinji gezek janyna kast etjek bolmalary basa barman­son, özünin uzak diri goýulmajagyny anan Töwrizi 1246-njy ýylyn 11-nji martynda gizlen ýagdaýda Konýany terk edip, Damaska gidýär.

Özünin „Sems” – „Älemin nury” diýip atlandyrýan dostu­nyn duýdansyz ýitirim bolmagy Jelaleddin Rumy agyr täsir ed­ýär. Birnäçe wagt geçeninden son dostunyn Damaskdadygyny esiden Rumy ogly Soltan Weledi oonun ýanyna ugradyp, Konýa alyp gelmegi tabsyrýar. Haýysy ýerine ýeten Rumy dostunyn dolanyp gelmegine örän satlanýar. Ýöne onun begen­ji uzaga çekmeýär. Samseddin Töwrizinin üstüne ýene-de ölüp howpy abanýar. Ol ýene Konýany terk etmäge mejbur bolýar. 1247-nji ýylyn ortalarynda Töwrizi syrly ýagdaýda yzsyz­sorsuz hem mydamalyk ýitirim bolýar. Çaklanylysyna görä, ol gizlin ýagdaýda öldürilip, guýa taslanypdyr.

Dostunyn ýitirim bolamgy Ruma diýsen agyr bolýar. Sahyr dostuna bolan çäksiz söýgüsini köp sanly gosgularyna sindir­ýär. Aslynda, onun sahyrlyga bas urmagyny su ýitgi bilen baglaýarlar.

Rum soltanlygynyn döwlet dini yslam bolupdyr. Ýöne ägirt gin territoriýada esaslandyrylan bu döwlet golaý geçmisde Wi­zantiýa degisli bolany üçin ilaty dine gelmisek musulmanlar­dan ybarat bolman, onda hristian dinine uýýan beýleki ençeme halklaram ýasapdyr. Olaryn köplügi seljuk soltanlaryny beýleki dinlere geçirimli bolmaga iteripdir. Ýurtda dini basgalaryn ýigrenilmegi-hä beýlede durdun, olar hatda birek-birek bilen gyzam alsyp-bersipdirler. Görnükli türksynas „Kiçi Aziýanyn seljuklar döwleti” atly klassyky isin awtory W.A. Gordlewskiý bu barada söz açyp, seýle ýazýar: „Kiçi Aziýada köne medeniýetin esasynda musulman-hristian iki dinlilik ösüpdir hem berkäpdir.” Alymyn bu sözleriniž Jelaleddin Rumynyn ortadosal yslamyn çygryndan gaty dasa çykýan dünýegaraýysy bilen bagly ençeme ýagdaýlara düsünmekde örän möhüm ähmiýeti bar.
Seljuk soltanlarynyn bu geçirimliligi dürli dini hereketlerin ýurdun ähli ýerine ýaýramagyna belli bir derejede erkinlik beripdir. Sol toparlaryn ençemesi yslam dininin esaslarynyn gowsamagyna getiripdir. Resmi dine garsy duran akymlaryn birem sopuçylyk (sufizm) bolup, sol döwürde Konýada ona Jelaleddin Rumy bastutanlyk edipdir.

Sahyryn ömrünin sonky ýyllary onun terjimehalyny ýazan­laryn hem oglunyn habar bermeklerine görä, Damaskdyr beýleki säherlerden Semseddin Töwrizini gözlemek bilen bagly bolupdyr. Ýöne hiç ýerden dostundan derek tapmanson, tama­syny üzüp, ýene Konýa dolanyp gelýär hem-de önküsi ýaly, sopularyn toparyna bastutanlyk etmegini dowam etdirýär. Ol sopularyn aglaba köpçüligi hünärmentlerden, sahyrdan hem onun gyrak-çetlerinden bolan garyp gatlagyn wekillerinden ybarat bolupdyr. Olara ýolbasçylyk etmek özüne barha kyn düsýäni üçin Rumy öz ýerine garyp gatlakdan bolan birinin bastutan bolaryny isläpdir. Ahyram ol öz deregine zerger Sala­hiddin Zarkuby belleýär. Muny beýleki hünärmentlerin ençe­mesi dusmançylykly kabul etselerem, Rumydan çekinip, açyk hereket edip bilmändirler. Sopulara on ýyl bastutanlyk eden Salehiddin bilen Rumynyn arasyndaky dostluk barha berkesip­dir. Ýöne bu ýagdaý onçakly uzaga çekmändir. 1258-nji ýylyn 29-njy dekabrynda Salehiddin Zarkub aradan çykypdyr.

Bu ýitgä ýürekden gynanan sahyr dostunyn deregini tutup biljek mynasyp birini gözläp ugraýar. Bu gezek onun nazary otuz bäs ýasly Husameddin Hasan Çelabide eglenýär. Olaryn egin-egne baryp bile islesen ýyllary ikisininem ömrüdir döredijiliginde unudylmaz aýdyn sahypalaryn biri bolup galýar.

Husamiddinin erjellik bilen eden haýysy netijesinde Jelal­eddin Rumy sol ýyllarda özünin „Mesnewi” atly eserini döret­mäge girisýär. Mesnewi – Gündogar halklarynyn poeziýasynda gosgy düzülüsinin bir formasy bolup, „ikileme” diýmegi anladýar. Her biri galyn alty kitapdan ybarat bu eser sonra dine bir pars dilinde ýazylan edebiýatyn däl, eýsem tutus dünýä edebiýatynyn is naýbasy eserlerinin birine öwrülýär. Bu eser onçakly uzak bolmadyk arakesmeler bilen on iki ýylyn dowamynda döredilipdir. Käbir çesmelerde habar berlisine görä, sahyr bu eserinin dine on sekiz beýdini öz eli bilen ýa­zypdyr. Galanlaryny sahyryn öz dilinden ýazyp almak Husamiddinin paýyna düsüpdir.

Beýik söz ussady Jelaleddin Rumynyn eserlerinin atlarynyn sanawy sähelçe-de bolsa, möçberi boýunça baha bereninde, ummasyzdyr. Sahyryn döredijiligi, onun ähmiýeti hem dünýä edebiýatynyn taryhynda eýeleýän orny barada türk, pars, inlis, rus dillerinde köpsanly düýpli isler döredildi. Onun eserlerini düýänin dürli dillerine terjime etmek hem ol barada tutumly ylmy-dernew islerini ýazmak isi häzirem dowam etdirilýär.

Beýik sahyryn kyssa gürnüsinde ýazylan hem öz okuwçylary bilen söhbetlerini özünde jemleýän kitaby „fihi ma fihi” atlandyrylýar. Muny rus diline „W nýom to, sto w nýom” hem „Zdes to, sto zdes ýest” görnüsinde terjime edipdirler. Bi­zin pikirimizçe, bularyn birinji has sowly ýaly. Sona eýerip, bi­zem onun adyny o diýen gelsikli bolmasa-da, „Munun içindä­kiler – munun içindäkilerdir” diýen görnüsde alaýmasak, basga alajymyz ýok. Sahyryn „Mejlis-i saba” („Ýedi mejlis”) atly kyssa kitaby kiçi göwrümli wagyz-nesihat häsiýetli eserleri öz içine alýar. Sahyryn öz gosgularynyn hiç birinden mysal alma­ýanlygyna esaslanyp, bu eseri onun döredijiliginin irki döwrü­ne degislidir diýip hasap etmek mümkin. Onun ýene bir kitaby „Maktubat” („Hatlar”) atlandyrylyp, ol ortaça göwrümi bir, iki sahypadan ybarat bolan dokumentlerin 145-sini özünde jemleýär.

Atlary agzalyp geçilen bu eserlerin sahyryn terjimehalyny hem dünýägaraýsynyn käbir taraplaryny öwrenmekde ägirt uly ähmiýeti bar. Seýle-de bolsa, Rumynyn adyny ölmez-ýitmez derejä ýetiren eserleri „Diwan-i kebir” („Uly diwan”) hem „Mesnewi” atly alty kitapdan ybarat eseridir. Bularyn birinjisi­nin „Diwan-i Same-i Tabrizi” („Same Töwrezinin diwany”) diýlip atlandyrylýan ýerleri-de bar. Diwan 3230 sany gazaly (35 000 setir), 44 kasydany (1700 setir), 2000 rubagyny özünde jemleýär. Sygyrlar diwanyna bu atlaryn ikisem sahyr düýäden ötenson düzüjiler tarapyndan dakylypdyr. Atlaryn birinjisi diwanyn göwrüminin ululygy bilen bagly. Onda altmys mün setir çemesi gosgy bar. Ikinji wariant öz adyny onçakly ödenok diýlip hasap edilýär. Sebäbi ol diwanyn esasy mazmunynda sowarak geçýär. Ýagny, diwanda Samseddin Töwrizi bilen baglanysykly gazallaryn möçberi o diýen köp däl.

Jelaleddin Rumynyn 1966-njy ýylda Tähranda (Eýran) nesir edilen diwanynyn düzümi barada suny aýtmak mümkin. Onda beýtlerin – ikilemelerinin sany kyrk iki müne, ýagny, 84 mün setire barabar. Sahyryn kitaba girizilen pars hem arap dillerinde döreden gazallarynyn, kasydalarynyn, kytgalarynyn sany üç mün üç ýüz almys bäse ýetýär. Bulardan basga-da, diwana sahyryn on dört terjigbendi hem iki müne golaý rubagylary ýerlesdirilipdir.

„Uly diwana” girýän gosgularynyn hemmesini ol elli ýas­dan son döredipdir. Ol poeziýa onçakly uly ähmiýetem ber­mändir, sahyr bolmaklygy öz önünde maksat edibem goýman­dyr. Okuwçylary bilen bir söhbetdeslikde ol gosgy ýazmak­lygyn aýyp hasap edilýän ýeri bolan Balhda ýasanlygynda, sa­hyrlygyn ýele ýanyndanam barman, dini taglymaty wagyz ediji bolup ömrüni ötürjegini aýdypdyr. Bu ýerde – Kiçi Aziýada näme üçin gosgy ýazmak bilen mesgullanýanynyn sebäbini ol adamlaryn sazdyr sygyry gowy görýändikleri bilen düsündi­ripdir.

Onun döwründe ýasan ençeme kösk sahyrlary ilin derdi bilen dem alýan pikirlerin, oýlanmalaryn üstünde kelle döw­män, dine hökümdary mahabatlandyrmak üçin üýtgesik men­zetmeler gözläpdirler, rifmadyr-söz ýetmezçiliginden zeýrenip­dirler. Jelaleddin Rumy o hili ömrüzaýa poeziýadan örän dasda durupdyr.

Elli ýasynda ol özüni sahyr hem akyldar hökmünde akyl kä­sesi püre-pür dolan, kämilligin çür basyna çykan adam hasap­lapdyr. Döreden gosgulary musulman düýäsinin in çetki kün­jeklerine çenli ýaýrapdyr. Bu ýas ol geçen bütin ömür ýoluny, sol ýolda anyna sindiren bilim-düsünjesini, Hakykat gözle­ginde çeken san-sanjaksyz ejer-azaplaryny paýhas eleginden geçirip, öz döwürdeslerine hem gelejkki nesillere miras galdyr­mak barada çynlakaý kelle döwüpdir. Bu pikirlerem ony „Mesnewi” kitabyny dörätmäge iterýär.

Sahyryn ömrüdir döredijiligini önrenjilerin belleýisine görä, „Mesnewi” tutus dünýä edebiýatynda önem, sonam deni-taýy bolmadyk eser. XX asyryn sahyrlaryna mahsus diýilýän tä­zeçillik baryp, XIII asyrda ýasap geçen Rumyda gabat gelýär. Bu eser dine bir sahyryn döredijiliginde däl, eýsem, tutus pars dili edibiýatda aýratyn orun eýeleýär. Ony pars dilliedebiýatyn ösüsine ýetiren täsirinin güýji hem il içinde meshurlygy babat­da Firdöwsinin „Sanamasy”, Saadynyn „Gülistany” hem Hafizin diwany bilen bir hatarda goýýarlar.

XIII asyryn ortalaryna çenli sopularyn arasynda Sanaýynyn „Hadikat-ul-hakikat” („Hakykat bagy”), Attaryn „Mantik-ul­taýr” („Guslaryn söhbeti”) atly eserleri uly meshurlygy eýe bolupdyr. Husamiddin olary belli bir derejede könelen, möwri­tini ötürenkirlän eserler hasap edip, täze, has döwrebap kitaby Jelaleddin Rumynyn ýazmagyna isläpdir. Edil onun garasysy ýaly, Rumynyn „Mesnewesi” dürli dünýägaraýysly gin okyjy­lar köpçüligin in söýün okaýan kitaplarynyn birine öwrülipdir.

Kitabyn möçberi barada dürli çesmelerde dürlüçe maglumat berýär. Solaryn käbirine ser salyp görelin. „Ýigrimi bäs mün alty ýüz on sekiz ikilemäni özünde jemleýän alty tom kitap on bäs ýylyn dowamynda döredilipdir. „(Radiý Fis, „Jelaleddin Rumy”, üçünji nesir. „Nauka” nesirýaty, Moskwa, 1987. „R. Nikolsonyn neir etdiren sekiz tomdan ybarat tankydy tekstinde „Mesnewi” 26632 beýtden, ýagny 53 264 setirden ybarat. Ol bütewi kompozitiýasy bolmadyk alty sany özbasdak bölümden durýar. „(Rumy, Dusanbe, „Adib” nesirýaty, 1988. „Didaktiki stilde ýazylan „Mesnewi” („Ikileme”) atly kitapdan ybarat bolup, 3810-dan 4915-e çenli setiri özünde jemleýär. „(Uilýam
K. Çittik, ” W poiskah skrytogo smysla” – „Gizlin manynyn gözleginde” Moskwa, „Ladomir” nesirýaty, 1995.

 

 

Önden oýnasykly düzülen plany bolmadyk bu kitap basga hiç hili kanuna däl-de, dine erkinlik kanunyna tabyn edilipdir. Eserde dine pikirlerin, ruhun, anlatmalaryn… erkinligi duýulýar.

Sahyryn pikirleri josly denzin tolkunlary ýaly, biri-biri bilen utgasyp gidip otyr. Ol gerek ýerinde öz pikirlerini halk rowaýatlary, hekaýatlary, tymsallary, basnýalardyr anekdotlar arkaly berkidýär. „Pikir derýasynda akyl gämisini” (Magtym­guly) erkana ýäzdürýän sahyryn filosofik oýlanmalary zynjy­ryn halkalary ýaly, biri-biri bilen seplesip, uzalyp gidip otury­syna, bir sapaga düzülýär. Sol sebäplem, bu eserin käbir islerde poema diýlip atlandyrylmagy ýöne ýere däl.

Eýsem, biu kitap näme hakynda? Ol – dünýänin hem adam­zadyn bütewidigi, bir jan, bir tendigi barada. Sol bir wagtyn özünde-de, düýänin hem adamlaryn sonsuz dürli-dürlidigi ba­rada. Adamyn beýikligi hem pes taraplary barada. Söýgi hem onun çöwre ýüzi bolan ýigrenç barada!.. Gepin keltesi, bu kita­byn näme hakyndadygyny düsündirmek üçin onun öz möç­berinde kitap ýazmaly.

„Mesnewininki” ýaly epiki ýaýrawly kitaby tutus halklar asyrlaryn dowamynda döredýär. Ýöne köp halklaryn ertekileri­ni, rowaýatlaryny, hekaýatlaryny, tymsallaryny, nakyllarydyr anekdotlaryny… özünde jemleýän bu kitap bir adam tarapyndan döredilen. Muny anyna sygdyrmak ansatis däl. Orta asyrlarda bu eserin „Pars dilinde ýazylan Kuran” diýlip atlandyrylmagy belki-de, hut su agdaý bilen baglydyr.

Birneme sonrak „Mesnewini” „Sufizmin entiklopediýasy”, „Öz döwrünin folklorynyn entiklopediýasy” diýibem atlan­dyrypdyrlar. Ony basga-da her döwüre laýyklykda, dürlüçe atlandyrmak mümkin. Sebäbi, ol kitapda hemme zat bar. Ol – bütewiligi sonsuz dürlülikde ýüze çykýan dünýänin özüne çalym edýär.

Adaty bolmadyk bu kitabyn ykbaly-da üýtgesik. Dünýä ineninin yzýanyndan ony ýatdan öwrenip ugrapdyrlar. Eýran­da, Orta Aziýada, Hindistanda, öni bilenem, Kiçi Aziýada Jelaleddin Rumynyn bu eserini öwrenýän hem düsündirýän „Dar-ul Mesnewi” atly ýörite mekdepler döredilipdir. „Mesne­widen” onlarça antologiýalar düzülipdir, arap, pars hem türk dillerinde ýüzlerçe tomdan ybarat düsündirisler döredilipdir.

Rumy bu eserinde Hindistanda, arap ýutlarynda, Eýranda, Orta Aziýada hem Wizantiýada döredilen edebi-filosofik eser­lerin gaty köpüsi ýerlikli peýdalanypdyr. Gündogar halklary­nyn, seýle-de, grek, ermeni, gadymy Rim hem beýleki halk­laryn folklory-da sahyr üçin gymmatly çesme bolup hyzmat edipdir.

Rumy bu eserinde orta asyrlarda dini fanatizimin agalyk eden döwründe ägirt uly progressiw ähmiýeti bolan batyrgaý filosofik pikirleri aýtmagy basarypdyr. Elbetde, sahyryn dialektikasynyn esasynda idealistik, sopuçylyk dünýägaraýsy­nyn ýatandygyny aýtmak gerek. Bu garaýysyn tebigatyn hem jemgyýetin ösüsinin ylmu taýdan düsündirilisden düýpli tapawutlanýandygyny nygtap oturmagyn zerurlygy ýok.

Rumynyn konteptiýasyna laýyklykda, tebigat hemise hereketde hem ösüsde. Sol ösüs prosesi bolsa hil taýdan özge­risler bilen pes basgançakdan belent basgançaga geçis arkaly kesgitlenýär. Mysal üçin, organiki däl dünýä kem-kemden or­ganiki – ösümlik dünýäsine, ol bolsa öz gezeginde, haýwanat dünýäsine geçýär. Sol düýänin ösüsinin ýokary derejesi – adam. Dünýänin hereketi bolsa gapma-garsylyklaryn gö­resinden ybarat.

Jelaleddin Rumynyn dialektika sistemasy öz gözbasyny özünden önki geçen akyldarlaryn – Gresiýanyn hem Rimin, Arabystanyn, Hindistanyn, Hytaýyn filosoflarynyn islerinden alyp gaýdýar.

Beýik nemes filosofy Gegel öz dialektiki metodyny gurmaga Rumynyn kömek edendigini belleýär. Ýöne öz döwrünin ogly bolan Rumy Gegelden tapawutlylykda, öz pikir­lerini anyk logiki kategoriýalaryn üsti bilen däl-de, sahyrana obrazlar arkaly beýan edýär. Bu babatda aýdylanda, sahyryn bütindünýä dartys kanuny baradaky käbir pikirleri üns bererlikdir. Ol kanuny birnäçe asyr sonra beýik inlis fizigi I. Nýuton (1643-1727) açdy hem ylmy yaýdan esaslandyrdy. Rumynyn pikiriçe, tebigatdaky ähli hadysalar özara baglany­sykly hem biri-biri bilen dartysda. Suna laýyklykda, planetalar hem asman jisimleri, seýle-de, zemin hersi ýz orbitasynda bolup, sol boýunça-da hereket edýär.

Elbetde, Jelaleddin Rumynyn filosofik garaýyslary Gündo­garyn beýleki beýik akyldarlary bolan farabynynky, Ibn Sina­nynky ýa-da Ibn Rusdanky ýaly yzygiderli hem bütewi sistema salnan däl. Ýöne bu ýagdaý onun filosofik garaýyslarynyn ähmiýetini birjik-de kemeltmeýär.
Ömür hem ölüm, an hem materiýa, ynsan hem ynsanyýet, ginislik hem wagt – bu problemalar taryhyn bütin dowamynda gaty kän akyldarlaryn anyny gozgalana salyp, dürlihili düsün­dirislere eýe bolup geldi. Bularyn mundan beýlägem adamzat ýasadygyça dowam etjegine sek ýok. Olary çözmek üçin edilen her bir synanysyk, häzire çenli bolsy ýaly, kesgitli jogap däl­de, dine hakykata golaýlasma ýagdaýyndan anry geçmez.

Durmusyn kanunalaýyklylyklaryna akyl ýetirisimizi biz ha­kykat diýip atlandyrýarys. Öz ýasan eýýamynyn perzendi bolan Rumy ony Hudaý diýip atlandyrýar. Su ýerde onun hem bizin ýagdaýymyzy anyk häsiýetlendirýän bir tymsala ýüzlenmek artykmaçlyk etmese gerek: Akyldaryn kellesinde oturan gusjagazyn ondan has alysdaky zatlary germegi onun akyl­lylygynyn däl-de, belentde oturanyn netijesi. Sonun üçin Ru­mynyn beýlekiliginin öz ýasan döwrünin derejesine görä baha bermeli.

Beýik akyldar sahyryn ýasan döwri Gündogardan mongol­tatar çozuslarynyn, Günbatardan haçly ýörislerin, din ugrun­daky uruslardyr fanatizimin eýýamyna gabat gelýär. Seýle döwürde ol adnmlary çydamlylyga çagyrypdyr. Hiç bir milleti dini ynançlary boýunça kemsitmän, den gözde görüpdir, hor­matlapdyr. Ol musulmandyr hristianyn, otparazdyr, butpara­zyn, baýdyr garybyn arasynda hiç hili çäk goýman, den hukuk­ly adamlar hasaplapdyr. Sahyr islendik adama dine Kämillik derejesi, sona ýetmek ugrunda çekýän tagallasy boýunça baha beripdir. Özi-de ömürboýy sol Kämillige etmäge çalsypdyr.

Ylymyn, edebiýatyn, sungatyn islendik ugrundan ýokary kämillige ýetip, nesillere hiç wagt gadry gaçmajak miras gal­dyrmagy basaran beýik sahsyýetler özünin hem eden islerinin derejesine, gymmatyna anyk göz ýetirýärler. Muny Jelaleddin Rumy-da bilipdir.

Bir gezek ol okuwçylarynyn birinin ýanynda öz gosgulary barada söz açyp, seýle sözleri dile getiripdir: „Alladan ant iç­ýän, menin gosgularyma sinen ruhum bütin älem-jahana ýaý­rar…” Sahyradamzadyn bakydygyna, sol ýasasa, özüninem unudylmajagyna ynanypdyr. Muna göz ýetirmek üçin sahyryn su sözlerine salgylanmagam ýeterlik: „Biz suw ýaly akyp gid­ýäris, edil meý ýaly, halkyn ganyna sinýäris. Aýagymyzy uza­dyp, baky uka gidäýsegem, biz barybir hereketimizi togtatma­rys. Edil alyslara ugur alan ýelkenli gäminin üstünde ýatan ýaly, ýolumyzy dowam etdireris…”

 

 

Onun welilik satyp aýdan bu sözleri dasýany bilen dogry çykdy. Ine, sekiz asyra basalykly wagt bäri onun gosgulary medreselerde, derwüslerin üýsmelenlerinde, ýokary suw jaý­larynda dillerden düsmän, ýasap gelýär. Olary alymlar öwren­ýär, bisowat daýhanalr ýat tutýar. Tutus musulman dünýäsinde akyldar ýa-da sahyr hökmünde belli bir derejä ýeten adamlaryn arasynda Jelaleddin Rumynyn eserlerini bilmeýänini, özünde onun täsirini duýmaýanyny tapaýmak basartmasa gerek.

XIX asyrda Eýranda bolup geçen halk gozgalanynyn ser­dary Süleýman han jezalandyrylmaga alnyp barylýarka Rumy­nyn gosgularyny okapdyr diýen maglumat bar.

Jelaleddin Rumy eserlerini öz döwründe halkyn gürlän dili bolan pars dilinde ýazypdyr. Pars dili orta asyrlarda Ýakyn hem Orta Gündogarda milletara edebi dil bolup hyzmat edip­dir. Ýewropa barada aýdylanda, edil seýle hyzmat latyn diline degisli. Ýöne sahyryn arap dilinde ýazan gosgularam bar, grekçe, tükçe döreden setirleri-de dus gelýär.

Sahyryn ruhy mirasy dine bir musulman ýurtlaryna däl, eýsem olardan has daslara-da ýaýrapdyr. Öwge gysganç hasap­lanylýan beýik nemes filosofy Gegel özünin „Estatika” atly isinde Rumynyn döredejiligine ençeme gezek salgylanypdyr. „Ruhun filosofiýasy” atly kitabynda bolsa onun gosgularyndan kän mysallar alyp, awtoryn özüne-de „ajaýyp” diýip baha be­ripdir. Beýik nemes sahyry Gýotänin „Günbatar-Gündogar di-wan” atly belli kitabynda Ruma belent sarpa goýandygyny gör­mek bolýar. Görnükli Fransuz ýazyjysy Moris Bare Jelaleddin Rumynyn ömrünin hem islerinin özüne belli bolan sahyrlaryn hiç birininkä menzemeýändigini belleýär. Bulardan tapawutly­lykda, sahyryn öz ilinde – Eýranda, seýle hem Pakistandyr Türkiýede hormatlanylsyny hiç zat bilen denär ýaly däl.

Hindistanyn beýik sahyry hem filosofy Muhammet Ykbal (1877-1938) Rumyny özünin ruhy halypasy hasaplapdyr. XX asyryn beýik türk sahyry Nazym Hikmet (1902-1963) barada­da hut seýle sözleri aýtmak mümkin.

Jelaleddin Rumy özüni hem öz yzyna eýerijileri asyk diýip atlandyrypdyr. Ilkinji türk asyklarynyn biri bolan bir daýhan ýigit ylym öwrenmek maksady bilen Gara denzin kenaryndan paý-pyýada Konýa barýar. Sahyryn ölmezinin biraz ön ýanlarynda ýanky ýigit onun bilen söhbetdesliklere gatnasýar, gosgularyny öz agzyndan dinleýär. Sol ýigit sonra beýik türk­türkmen sahyry bolup ýetisen Ýunus Emre eken.

Sol döwürden bäri türk poeziýasy iki sany aýry saha bölün­ýär. Olaryn biri – halk poeziýasynyn däplerini özünde jemle­ýän asyklar poeziýasy, beýlekisi bolsa hökümdarlardyr han­beglerin gulaklaryna hos ýakýan, olary öwüp, arsa çykarýan klassyky gosgular. Bularyn birinjisinin gözbasynda Ýunus Em-re dur, ikinjisine bolsa Soltan Weled bastutanlyk edipdir. Ýöne bularyn ikisem Jelaleddin Rumy atly okeandan gözbas alýar.

Entek özi diri wagtynda eserleri halk arasynda ginden ýaý­ran sahyr öz döwürdeslerine-de, sonky nesillere-de güýçli tä­sirini ýetiripdir. Gündogar ýurtlarynyn beýik söz ussatlarynyn köpüsinin onun adyny hormat bilan tutmagy-da bu aýdylana güwä geçýär. Bu temadan ýörite ylmy-barlag isi ýazylmasa-da, beýik ussadyn türkmen klassyk edebiýatyna ýetiren täsirinin az-köp däldigini duýmak bolýar. Sol täsir önki bilen Döwletmämmet Azadynyn „Wagzy-Azat” eserinden gözlense, ýalnys bolmasa gerek. Beýik Magtymgulynyn „San bolsam” gosgusyndan çen tutsan, onun Abu Sagyt (Mähneýi), Omar Haýýam, Hemedany, Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz… ýaly sahsy­ýetlerin hatarynda Jelaleddin Rumyny-da agzap, özünin sola­ryn hatarynda san bolmagy arzuw edendigini duýmak bolýar. Su bendin, has beterem, onun sonky iki setirinin dürli çesme­lerde dürli hili alnyp, haýsyna dogry diýjegini bilip bolmaz ýa­ly derejede üýtgedilýäni üçin, ony mysal almakdan saklanmagy dogry tapdyk. Mundan basga-da, „Ysyk mülkünin sasy” Molla­nepesede „Könlüm” atly gosgy bar. Käbir islerde Mollanepe­sinkidigine sübhelenilýän bu gosgudaky: „Rumun gülseni, hindi tawusy” diýen setirin birinji böleginin Jelaleddin Ruma degislidigini nygtaýan edebiýatçylaryn bardygyny belläsimiz gelýär. Eger-de bu mesele çunnur dernelse. Rumynyn täsirini basga sahyrlarymyzydanam tapyljagyna sübhämiz ýok.

Jelaleddin Rumy 1273-nji ýylyn 17-nji dekabrynda Konýa­da aradan çykýar. Ony dürli dinlere uýýan, dürli milletden bo­lan adamlar ullakan hormat-sarpa bilen jaýlapdyrlar. Onun je­sedi entek Alauddin Keýkubad I döwründe Jelaleddinin kakasy Bahauddin Weledin Mazarynyn üsütne bina edilen mawzoleý­de goýlupdyr. Bizin günlerimize çenlem saklanyp galan ol mawzoleý häzir Konýa säherinin in ajaýyp arhitektura ýadygärliklerinin hem adam akymynyn yzy üzülmeýän zyýarat gählerinin biri hasaplanýar.

Kakabaý GURBANMYRADOW,

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.