Janyňa Kast Etme, Düýdkeşim, Özüň, – Magtymguly Pyragy

Janyňa kast etme, düýdkeşim, özüň,
Haýypdyr janyňa, ççilim çekmegil!
Pendim bu, roza tut, oky namazyň,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Çilimden ýylanlar düşer boýnuňa,
Agzyn açyp, haşlap girer goýnuňa.
Her zaman zäherin salar iniňe,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Tenleriň tisginip, andan gaçar sen,
Suwsuzlykdan zäher-zakgum içer sen,
Içim ýandy diýip, agzyň açar sen,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Ýylan aýdar: „Bu gün gaçar sen menden,
Ol hakyň emridir, aýrylman senden“,
Oşol wagtda bizar bolar sen andan,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Ýalançy dünýäde isteme wepa,
Ot iýmek bolarmyş bizowk-u sapa,
Düýdkeşler ummat däl diýdi Mustapa,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Bu dünýä panydyr, durmaýyn geçer,
Her kimse akyldyr, bil, andan gaçar,
Şeýtana ýol berme, imanyň öçer,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Amanat janyňa kylmagyl töhmet ,
Sarpasy nedir, gel, sen imdi pähm et,
Magşar gün nä diýr sen, jowabyňňy aýt,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Iblise ýol berme, ýuwtmagyl, nary,
Gül diýip özüňe salmagyl hary,
Bigaýratlyk etme, saklagyl ary,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Terk eýle çilimi, dogry dur haka,
Her zaman toba diýp, tutgul sen ýaka,
Diýrlermiş, suw bermez düýdkeşe sakka,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Içddigiň zakkumdyr, iýdigiň otdyr,
Bilmez sen, şeýtanlar kesbiňe şatdyr,
Bu gün hoşnud bolsaň, taňla heýhatdyr,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Bir sapar hatadan çekipdir Aly,
Seýl üçin sähraga çykypdyr weli,
Bir mesjidi görüp zerli-sapaly,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Mesjidi görüpdir ajaýyp zada,
Tomaşa eýleýip, girmiş pyýada,
Sütüni syýamyş, örtenmiş oda,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Oşol demde gaýdyp, gelmiş resula,
Habaryn söýlemiş sahyp usula::
„Sütüni syýamyş nädir wusula?“
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Resul aýdy: „Aly eşitdim sözüň,
Sypatyň, suratyň görüpdir gözüň,
Düýdkeşlik zyýandyr, eşitgil özüň,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Görüp sen mesjidi, turpa ýaranmyş,
Şeýtan saňa bu gün keýpi berenmiş,
Anyň üçin sütün oda bürenmiş,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Adamyň sütüni – bilgil, – imany,
Bu şeýtan mekriden saklagyl any,
Gapyl bolsaň ýakar, etme gümany,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Şol pursatda Haýdar çykdy meýdana,
Gahr ile kast etdi lagyn-şeýtana,
Şondan bäri şeýtan boldy pynhana,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Andan owwal şeýtan äşgär gezermiş,
Adam aldap, diniň beýle bozarmyş,
„Bissimilla!“ diýseň, umyt üzermiş,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Magtymguly, pendiň illere söýle,lan
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle,
Sapar kylmak lazym, azygyň eýle,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.