Janyna Degmez1 – Magtymguly Pyragy

JANYNA DEGMEZ1
Eý, ýaranlar, bir bigaýrat ýigidiň,
Müň ýaman söz aýtsaň, janyna degmez;
Zynhar, düşmäň namartlaryň goluna,
Ger, öldürseň, nähak ganyna degmez.
Söz bilmeseň, bileniňi aýtmasaň,
Söz sözledip, söz aslyna ýetmeseň,
Ýaý çekende, dogry garap atmasaň,
Ol okuň nyşanaň ýanyna degmez.
Magtymguly, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.
*
Bu goşgynyň Magrupynyň adyna gelýän ýeri hembar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.