Janym Biziň, Soňudagy, – Magtymguly Pyragy

Janym biziň, Soňudagy,
Dagdanlydyr biliň seniň.
Ganym görse garşylaşar,
Ýomut, gökleň iliň seniň.
Öylükde1 ýaýlany gursak,
At çapdyryp, baýrak bersek,
Temetede2 orak orsak,
Aş dökmek hyýalyň seniň.
Kesgiç-kesgiç baýyr geçer,
Gyzylbaýyr göwün açar,
Sowuk çeşme suwuň içer,
Şonda dürli malyň seniň.
Dürli-dümen otuň biter,
Her däpäň bir ile ýeter,
Hatarlanşyp kerwen öter,
Naýba naýdyr3 ýoluň seniň.
Magtymguly dür seçende,
Bu döwran senden geçende,
Üstüňden iliň göçende,
Niçik geçer halyň seniň?
*
1Ýer ady.
2 Ýer ady.
3Geçelge ady.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.