Jan Joşguna Geldi, Ýandym, Ýaryldym, – Magtymguly Pyragy

Jan joşguna geldi, ýandym, ýaryldym,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, alla!
Sangysyz söýüşdim, öýsüz aýpyldym,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa alla!
Sözleşerdim, syrlaşardymýar bile,
Ýüreginde ýar hyýaly bar bile,
Imdi, leýken, aýyrdylar zor bile,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, alla!
Köňül hoşdur ýada salyp gezmände,
Ýadyma salmanda, yşkym gyzmanda,
Meni gamda goýma, aly permanda,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, alla!
Yhlas ile ýar meni diýr, men ýary,
Jowrandy jiregi, gitdi karary,
Ol anda ah çeker, men munda zary,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa,alla!
Bardy pynhan-pynhan şirin sözümiz,
Bolan işe haýran galdyk özümiz,
Bir-bire bakmadan doýmaz gözümiz,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, alla!
Elim saňa ýetmez arzym etmäge,
Işimiň powajy ýokdur bitmäge,
Dilber derdi goýmaz meni ýatmaga,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa alla!
Magtymguly, dünýä köne jahandyr,
Söýüşmeklik bu dessury-zamandyr,
Jürmüm çoh bolsa hem, keremiň kendir,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa alla!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.