Jahyllygyň Joşy Çykdy Başymdan, – Magtymguly Pyragy

Jahyllygyň joşy çykdy başymdan,
Men ol joşdan haly bolup galyp men.
Bir gama ulaşdym, gitdim huşumdan,
Bu dert ile doly bolup galyp men.
Başym ýüz höwesde, köňlüm joşgunda,
Girdaba düşüp men däli daşgynda,
Než dagynda gezen Mejnun yşkynda
Ýanar otly Leýli bolup galyp men.
Ýigitlik paslyny gyşa ýetirdim,
Kämillikkiştisin derýa batyrdym,
Beýik pikre galdym, aklym ýitirdim,
Il içinde däli bolup galyp men.
Bu dünýäni göçüp bargan göç bildim,
Işini bet aňdym, özün puç bildim,
Öňün oýun gördüm, soňun hiç bildim,
Tirik erken, öli bolup galyp men.
Magtymguly, paş eýlegil sözüňni,
Pelek muşty häk etmeen gözüňni,
Bu wagta deň ýaş bilerdiň özüňni
Imdi gör, bak uly bolup galyp men.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.