Iýermen Aýal Hem Onun Äri Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

IÝERMEN AÝAL HEM ONUN ÄRI HAKYNDA HEKAÝAT

Bir bendän iýermen aýaly barmys,
Seýle açgözmüsin, hiç doýmaýarmys.
Öe haýsy bir zat getirse äri,
Gizläp iýmekligin tapýarmys tärin.
Bir gezek on äri et getiripdir,
«Nahar et!» diýip, aýalyna beripdir.
«Agsam bizin öe myhman gelmeli,
Häzir bol, ýünsakgal edäýme meni».
Ýanky açgöz aýal görmezden irnik,
Iýipdir bar eti kebap bisirnip.
Agsamara gaýdyp gelipdir äri,
Öýde jem bolupdyr myhmanlan bary.
Aýalnyn isinden bihabar bende:
«Keýwany, naharny äber!» diýende,
Zenan sumjarypdyr: «Görme sen gaty,
Nälet sinen pisik iýdi bar eti».
Bu sözlere juda gen galan äri Diýipdir:
«Pisigi alyp gel bäri!»
Sözünde tutmagyn tärin tapypdyr,
Ol pisigi terezide çekipdir.
Son diýen: «Geldäni, onatja seret,
Terezide duran pisikmi ýa et?
Halys bizar boldum gümürtik gepden,
Eger pisik bolsa, habar ber etden.
Arkaýyn bol, aldap bilmersin meni,
Su et bolsa, onda pisigmiz hany?».

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.