Işleriň Gidişi Hakda Maglumat Berdinazar Hudaynazarow

Suwa aýak sokdum—
Ýüzäýmek galdy.

Ýaryşdaşym belli—
Ozaýmak galdy.

Bergi edip bildik—
Üzäýmek galdy.

Guýyň ýeri belli—
Gazaýmak galdy.

Buýruk bar. Diňe bir
Çozaýmak galdy.

Meselämiz taýyn—
Çözäýmek galdy.

Ýazyjy-ha bolduk—
Ýazaýmak galdy.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.