Indi Bildim Zamananyň Azanyn, – Magtymguly Pyragy

Indi bildim zamananyň azanyn,
Ýamanlar ýagşydan gaça başlady,
Gaýta bedasyllar asylzadadan
Pisint etmeý, töre geçe başlady.
Yrýa boldy köpüň okan namazy,
Taňry hiç bolmady razy
Pygamber ornunda oturan kazy
Para üçin elin aça başlady.
Şalarda galmady hökmi-adalat,
Bir pul üçin müfti berer rowaýat,
Bil, bu işler – nyşanaýy-kyýamat,
Zalymlar bitoba öte başlady.
Dadhahlar turuban, ýüzün sarardyp,
Kim töresin tapyp, reňňin gyzardyp,
Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,
Gamçysyndan ganlar saça başlady.
Müžtehid sözüne amal bolmady,
Mynafyklar ýaradany bilmedi,
Sopular pirinden taglym almady,
Dünýä üçin dinden geçe başlady.
Bir para sopular „ sopy men“ diýer,
Soramaý, zalymlar tagamyn iýer,
„Bizni ýagşy kişi diýsinler“ diýer,
Her işikde halka gura başlady.
Garryga aýlandy biz gören ýaşlar,
Aýaga dolandy biz gören başlar,
Bimahal ýük baglap imdi gardaşlar,
Ahyret azmyna göçe başlady
Akyl bolan gamda ýüregin ezip,
Derdiniň dermanyn soraglap gezip,
Zamananyň pisat balanyn syzyp,
Panydan bakyýa göçe başlady.
Ne asyl begleriň nobaty ötdi,
Gaýtam şugul-haramyga söz ýetdi,
Dünýäde kim galyp, myrada ýetdi,
Muhubbet çyraga öçe başlady.
Kazy bolan bir jowapda durmady,
Gije mähnet tartyp, kitap görmedi,
Şerigaty ugrunda dogry ýörmedi,
Nebs üçin imansyz öte başlady.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.