İller, Heý, Mejnun Dagynyñ, – Magtymguly Pyragy

İller, heý, Mejnun dagynyñ,
Serinden duman gitmezmiş,
Müñküre bilin baglanyñ,
Köñlünden guman gitmezmiş.
Goýna gardaş bolmaz gurtdan,
Dileg etme her namartdan,
Tä ölinçä goç ýigitden,
Myzrak, tir-keman gitmezmiş.
Gapyl adam ogly bilmez,
Ölümini ýada salmaz,
Malyñ-mülküñ yssyg kylmaz,
Ýanyndan iman gitmezmiş.
Zamana ýakyn gelende,
Ýeri, gögi suw alanda,
Alladan gaýry ölende,
On sekiz mekan gitmezmiş.
Ýer bilen gökden kuwwatly,
Şol Ezraýyldan haýbatly,
Bäş kişiniñ haryş atly,
Yhsany reýgan gitmezmiş.
Magtymguly, galgan derde,
İşiñ düşmesin namarda,
Kyýamat güni jomarda,
Dowzahda zyýan etmezmiş
*
1 “Münküre bilin bermegin” diýen setir hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.