İlİ Gözlär – Magtymguly Pyragy

İLİ GÖZLÄR
İlinden aýra düşen—
Ah urar,ili gözlär.
Ýolyndan aýra düşen—
Jäht edip,ýoly gözlär.
Gökde pelek gerdändyr,
Halk erde sergerdandyr,
Ne bazygär jahandyr,
Göz açan maly gözlär.
Kimlerde altyn täçdir,
Kimler saýyl mätäçdir,
Kimler düýpden gallaçdyr,
Kim parça,haly gözlär.
Kim nan tapmaz iýmäge,
Kim ýer tapmaz goýmaga,
Kim don tapmaz geýmäge,
Kim tirme şaly gözler.
Bu jahan bir puştadyr,
Kim zinde,kim kuştedir,
Her bende bir işdedir,
Her kim bir haly gözlär.
Heňňam uzyn,ömür az,
Çahar pasla başdyr ýaz,
Gökde ganat aýaýan gaz—
Gözleri köli gözlär.
Magtymguly,huş eyläp,
Gezgin didäň ýaş eýläp,
Däli köňül hoş eýläp,
Ýüz muň hyýaly gözlär.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.