Iki Dagyň Agajynyň Başyny,1 – Magtymguly Pyragy

Iki dagyň agajynyň başyny,1
Düýbi bir bolmasa çatyp bolmaýyr.
Magallagyň agyr –näheň daşyny
Gol bilen göterip, atyp bolmaýyr.
Kelte diňden bolmaz beýik minara,
Ýaman hatyn duşsa bir ýagşy äre,
Başyn kesip, ganyn döküp kenara,
Ýa öldürip, ýa-da satyp bolmaýyr.
Il içinde seniň ulalsa adyň,
Seni ýaman görmez ýakynyň, ýadyň.2
Goluňda bolmasa bir gerek zadyň,
Meňki diýip, başyn tutup bolmaýyr.
Pakyrlar mal diýer, baýlar zer diýer,
Ýeke eşekli: „At ber, esrik ner“ diýer,
Dünýäden doýmak ýok, „Ýene ber“ diýer,
Köňül maksadyna ýetip bolmaýyr.
Her kim elin gerer pany jahana,
Saglykda jepa biýr bu şirin jana,
Bu dünýä bil baglan galar zyýana,
Dünýä dostlugyna bitip bolmaýyr.
Kör pakyrlar: „Gözüm!“ diýer görmese,
Agsaklar aýaksyz turup ýörmese,
Her kimiň istegin taňry bermese,
Baryp: „Maňa ber !“ diýp tutup bolmaýyr.
Magtymguly, nesihatym bolmasa,
Sana geçmen her kim gulak salmasa3,
Ýigit köňül söýenini almasa,
Ynjalyp, parahat ýatyp bolmaýyr.
*
1“Beýik dagyň başyndaky üç agaç“ diýen nusgasy hem bar.
2“Eý görmez daşyňdan ýakynyň, ýadyň“ diýen nusga hem bar.
3“Magtymguly, sözüň diňlän bolmasa, Nesihata gulak salan bolmasa“ diýen nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.