igide – Magrupy

Ýigide
Eý ýaranlar, söwes güni
Ussat gerekdir ýigide;
Gözel allanyn yskyna
Haýrat gerekdir ýigide.
Güni bile, aýy bile,
Ýörün hakyn raýy bile,
Bir mynasyp taýy bile,
Zürýat gerekdir ýigide.
Jesedini oda ýakmaz,
Nämährem ýüzüne bakmaz,
Ýeke atdan tozan çykmaz,
Imdat gerekdir ýigide.
Bir hak çykmasyn ýadyndan,
Aýyrma könül sadyndan,
Tanla gün dowzah odundan
Azat gerekdir ýigide.
Magrupy, ýar derdim bilse,
Her dem rehim eýläp gelse,
Bir amal eýesi bolsa,
Irsat gerekdir ýigide.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.