Hozuñ Daş Possuny, Azergun Güli, – Magtymguly Pyragy

Hozuñ daş possuny, azergun güli,
Suwun saça çalsañ, gara reñ bolar.
İçiñ şerden sakla, gybatdan tili,
Saklamasañ köñül gözgüñ zeñ bolar.
Her kişi kim, ýamanlyga kast eýlär,
İki dünýä öz işine kest eýlär,
Ýagşy gylyk duşmanyñy dost eýlär,
Gylygyñ bet bolsa, işiñ jeñ eýlär.
Ýigidiñ bolmasa sözde keseri,
Eýmençdir, aýrylmaz aýakdan seri,
Her kimde bolmasa iman eseri,
Ýüregi erimez, syýa señ bolar.
Adam ogly awaradyr, asydyr,
Bir söz diýseñ ýagşy äre besidir,
Bilip bolmaz hakyñ dosty kaýsydyr,
Alkyşy köp alsañ işiñ oñ bolar.
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze hiç, bilen kişä nyrhy köp,
Ýeriñ ýerden,äriñ ärden parhy köp,
Müşgil budur- sözleşende deñ bolar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.