Hoş Tämizli Beg Oglynyň Naştesin – Magtymguly Pyragy

Hoş tämizli beg oglynyň naştesin
Sygyr ỳatagynda kylmak ỳaraşmaz.
Goşun serenjanym, il serişdesin
Padyman ogluna bilmek ỳaraşmaz.
Eger habar alsaň gepiň teỳinden,
Diňleseň diỳeniň janyň öỳünden,
Aryflar ỳanynda dünỳä feỳinden,
Awaralyk eỳläp bilmek ỳaraşmaz.
Ỳagşydan ỳaman iş çyksa bolar geň,
Akly, görki alla gaỳyrmamyş den.
Towşan derỳa bolmaz, şor suwa harçen,
Humsyň ulkesine dolmak ỳaraşmaz.1
Her sözüm bir durdur gadryn bilene,
Doga etmek delalatdyr ölene,2
Uçarda, gaçarda – garga, gulana,3
Ỳedi ỳüz ỳaşaman ölmek ỳaraşmaz.
Her kime ne mukdar bolsa yhlasy,
Ol mukdar açykdyr hakyň dergahy.
Bir ỳerde jem bolsa jahan derỳasy
Gum-gumuň rigine dolmak ỳaraşmaz.4
Her kime ỳol bermez durri-galtany,
Aş barka, dost gazan, at bar-ỳol tany,
Rumyň tagtyna Hebeş soltany,
Käbe mesjidine galmyk ỳaraşmaz.
Magtymguly, köỳdi bagtym ot bolup,
Dünỳä gelen gidejekdir mat bolup,
Özün bilmeỳ, öỳün ädip, şat bolup,
Ỳashana ỳerinmde gülmek ỳaraşmaz.
1“Jenubnyň kölüne dolmak ỳaraşmaz„ diỳen nusgasy hem bar.
2“ Doga etmek delalatdyr ölene„ diỳen nusgasy hem bar. – derman, däri, im, çäre.
3“ Uçarda, gaçarda – garga, gulana„diỳen nusgasy hem bar.
4“ Gaminiň içine dolmak ỳaraşmaz„diỳen görnüşi hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.