Hoş Günüñde Hoştablaşyp Gezmäge, – Magtymguly Pyragy

Hoş günüñde hoştablaşyp gezmäge,
Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy,
Gamly günüñ, galmagalyñ üstünde
Gardaş ýagşy, dogan ýagşy, zat ýagşy.
Halal işle, ahyretden wehmiñ bar,
Pakyry ynjytma, köñül rehmiñ bar,
Aşyk aýdar, azda-köpde pähmiñ bar,
Akyl bolsañ, söze gulak tut ýagşy.
Ýürek daýanlydyr ogul zürýaty,
Şirin mahbup erer süññüñ kuwwaty,
Ýigidiñ dünýäde üçdür myrady:
Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy.
Mollalar ahyret sözün söýlärler,
Müñkür olma, gerçek işdir, eýlärler,
Kim biler ki, ahyretde neýlärler,
İýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy.
Tañry giñ eýlese bende köñlüni,
Ryzk agzyna girer tutsañ elini,
Döwlet güzer etse, tapar ýoluny,-
Geler bolsa, gider bolsa, ýat ýagşy.
Nep almaýan kişi sözden, öwütden,
Enaýlygy bolmaz gury söwütden,
Deñ duş bilmez, many añmaz ýigitden,
Agylyñda yssy beren it ýagşy.
Magtymguly, dostdan syryñ gizleme,
Biwepadyr nämähremi gözleme,
Ümsüm otur, halk iöinde sözleme,
Sözlär bolsañ, söz aslyna ýet ýagşy!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.