Hor Düsen Esek Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

HOR DÜSEN ESEK HAKYNDA HEKAÝAT

Bir suw çekýän bendän esegi barmys,
Gije-gündiz agyr isde haýdarmys.
Görýän güni ejirlimis, agyrmys,
Suw çekmekden ýana gersi ýagyrmys.
Näçe islese-de, çekse-de azap,
Ýokmus doýa garna iýer ýaly zat.
Horlugyndan ýana somalyp sünki,
Biçäre esegin agypdyr enki.
Arpadan doýmagy etse-de arzuw,
Ona ýetýän hörek-sypal bilen suw.
(Manlaýyna ýazylan kysmatdyr, belki),
Hatda solam tapylanok bol-telki.
Seýle ýagdaýdaka günlen bir güni
Sanyn atbakary görenmis ony.
Haýpy gelip biçäränin halyna,
Eýesini çagyrypdyr ýanyna.
«Ýüregin dasmy sen? Gör-ä bolsuny,
Atlar bilen bile bakaýyn muny».
Diýende eýesi bolup hoswagt,
Aýdan: «Bu men üçin ullakan bagt…»
Seýdip, esek atýataga düsüpmis,
Çar töwerek on gözüne köskmis.
Bakan taýy ap-arassa, suwlanan,
Günün-güni arpa iýýärmis olam.
Esek oýlanypdyr: «Dogrymy diýsem,
Sundan uly bagt barmyka eýsem?
Häzire çen nälet sinen deý ylla,
Ýekeje gün dok bolmadym eý, Alla.
Ömrüm-gys, görmedim hözürin ýazyn,
Men esegem bolsam, ýaradan özün.
Ýasaýysa höwes galman göwünde,
Ölümmi diledim günün-gününde.
Hut jennetde ýaly atlan durmusy,
Adalatsyz eken dünýän gurlusy…»
Birdenem adamlar dowla düsüpdir,
Ol asuda ýurtda jen tutasypdyr.
Ýatakda mes duran atlaryn bary,
Eýerläp, sürülýär söwese sary.
Ýigitler atlanyp olan üstüne,
Tizden-tiz çykýarlar dusman kastyna.
Gylyçdan ot syçrap, peýkamlar suwlap,
Sen atmyn, adammyn… goýanok sylap.
Syna peýkam çümüp, aýagy döwlüp,
Köp atlar ýataga gelýär öwrülip.
Gylyç dilen, syna çümen peýkamdan,
Bedenden syrygyp akýan al gandan.
Atýatagyn içi görer ýaly däl…
Esek muny synlap, öwürýär hyýal.
«Gideýin eýämin ýanna dolanyp,
Mundan mün paý gowy aç-hor bolanym.
Men basarman oka dösüm germäni,
Iýen iýsin bu belaly arpany.
Alla, günämi geç, gepledim küpür,
Önküje günüme ýüzde-mün sükür».

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.