Hindistana Giden Söwdagär Hem Totunyn Ona Sargydy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

HINDISTANA GIDEN SÖWDAGÄR HEM TOTUNYN ONA SARGYDY HAKYNDA HEKAÝAT

Täjirin akylly Totusy bardy,
Sonun üçin ony il sylaýardy.
Bir gün Hindistana gidermen bolup,
Dogan-gardaslarny ýadyna salyp,
Hersinin göwnüne ýetesi geldi,
Bir zatjagaz sowgat edesi geldi.
Ýakymly niýetden besläp ýüregni,
Sorasdyrdy kime näme geregni.
Totugusam kem galmady olardan:
«Men dogduk ilime barsan bu ýerden,
Kowumdaslam sana gabat geler kän,
Baryna salam aýt ýekänme-ýekän.
Aýralyk ejirni çekýänimi aýt,
Ýatlap, gözümden ýas dökýänimi aýt.
Bendilikde horluk görýänimi aýt,
Mydam ili ýatlap ýörýänimi aýt.
Olar bilen açyk bolsa-da ara,
Bu dertden gutulman çäresin sora.
Bendilikde ýasap ýörkän ejirde,
Satasmagyn mümkin her hili derde.
Her kime bir hili ykbal bolup ýar,
Kim satlykda, kim hasratda ýasaýar.
Erkinlikde ýasap ýören Totular
Meni ýat etseler, derdim dep bolar.
Olan biri mana has-da mähriban,
Görk-görmegi zyýat, diýsen hos zyban.
Ömürlik soltan ol göwün kösgümde,
Ah çekýän hemise onun ysgynda.
Diýmän: «Garasmakdan halys ýadadym,
Mydam ýada salsyn beren wadasyn.
Olam hasrat çekip edil men deýin,
Nos edip ýasasyn aýralyk meýin…»
Akylly sözleri gelip hosuna,
Söwdagär söz berdi dana gusuna.
Hindistana baryp ýeten badyna,
Beren wadasyny saldy ýadyna.
Erkin totuguslar topar-topardy,
Söwdagär olaryn ýanyna bardy.
Gowsurdy gusunyn ýollan salamyn,
Ähli sargytlaryn, könül kelamyn.
Sonda birden erkin totulan biri
Hemmesinden beter çekip ah-zary,
Gaýtdy-da sahadan göýä das bolup,
Patlap ýere gaçdy çalam-ças bolup.
Muny gören täjir gepletdi için:
«Iki göwre – bir jan» diýilýäni çyn.
Munun seýledigni hut häzir bildim,
Biçärän ajalna sebäpkär boldum.
Yskyn ýowuz oýunlary kän eken,
Bu men totym bilen jana-jan eken.
Bitirmedik bolsam onun haýysyn,
Beýle agyr günä gosmazdym basym».
Dil – çakmaga, sözem ogsaýyp dasa,
Käte sebäp bolýar her dürli ise.
Kä haýyr, kä ser is basym-basymdan
Döräp dur olaryn çaknysmasyndan.
Isin sonun saýman sözlesen eger,
Belli zat – haýyrdan rüstem geler ser.
Mahsus bu hal her bir hökmürowana,
Olaryn azary ýetýändir käne.
Ölüni direldip bilýänem sözdür,
Gülzary çölüstan kylýanam sözdür.
Sol bir sözün gudrat-güýjüni görýän:
Kim üçin zäher ol, kim üçin derman.
Bu pany jahanda kim bolsan, bol sen,
Çyn adamsyn diýjek sözüni bilsen.
Täjirimiz söwda isin bitirip,
Düýelerne dürli-dümen ýük urup,
Sargalan zatlaryn alanson baryn,
Ugrady nazarlap dogduk diýaryn.
Iline gowusdy, gusuny gördi,
Bolan – goýan zatlan habarny berdi:
«Sargydyny aýdysyn dek bitirdim,
Totulara salamyny ýetirdim.
Ähli aýdanlarny aýtdym olara,
Ähli ýagdaýlarny aýtdym olara.
Gürrün berdim çekýän ýürek derdinden,
Bir totyn bolsuny täsin gördüm men.
Ol gus senin hal-ýagdaýny esdenden,
Patlap ýere gaçdy. Gen galdym çenden.
Gaplady kalbymy gussadyr gaýgy,
Näçe ökünsem-de, ýok indi haýry.
Kä söz ýaýdan çykan peýkama menzäp,
Synana çümýär-de, berýär kän azap.»
Dana toty bu sözleri esdende,
Çekýän dert – ejiri durmady çende.
Edil jan risdesi üzlen sekilli,
Essi aýyldy-da, ýere ýykyldy.
Söwdagär demligi daralan deýin,
Has-haslap, uludan aldy-da demin,
Elinden gidendir öýdüp totusy,
Gürlände, gyryljyk esdildi sesi:
«Sirin zyban gusum, paýhasly gusum,
Agyr melamata goýdun bu basym.
Elmydama guwanardym sana men,
Owazyny esdermikäm ýene men?
Zyýat saýdym seni jennet gusundan
Agyr külpet inderdin men basymdan.
Sen men guwanjymdyn, göwün hosumdyn,
Ähli zatdan eziz görýän gusumdyn.
Seni arzan satyn alanam bolsam,
Men üçin bar zatdan gymmatdyn, bilsen.
Sonky boljak isi duýman önünden,
Öz dilimden bela galdym bu gün men.
Dilim, sen kalbymyn hany-soltany,
Öýümin rysgaly, göwheri-käni.
Sen käte dasyma demirden gala,
Käte-de melamat, towky, dert-bela.
Sensin meni gamdan halas etjegem,
Sensin ýene bu basyma ýetjegem.
Kämahal olja sen, kämahal gapan,
Duýman ýasapdyryn su günlere çen.
Kä ganym dusmanym, käte ýaranym,
Kä hasratym, kä sapaly döwranym.
Käte perisde sen, kämahal seýtan,
Sen – edil ýüregme çenelen peýkam.
Sen käte rehimdar, kämahal zalym,
Görüp bu biçäre guslaryn halyn,
Düsündim men öz goýberen hatama,
Indi gije-gündiz aglamda näme?!»
Öz ýanyndan samrap oturan täjir,
Guslaryn bagtyny ýatyran täjir
Gözýas edip, agram salyp aklyna,
Synandy özüni aklamaklyga.
Gark bolýan biçäre gaçyp mejaldan,
Dalda gözlär akyp barýan sypaldan.
Gam laýyna batan täjir görgüli
Ahyry kapasa uzady eli.
Agyr matam tutup, sallap basyny,
Çykardy dasyna ölen gusuny.
Ölen bolup ýatan toty sobada
Ganatlarny pasyrdadyp howada,
Sypdyrman duýdansyz açylan bagtyn,
Gondy sahasyna belent daragtyn,
Täjir haýran galyp, açdy agzyny.
Sonam üzlem-saplam sözledi suny:
«Sargan sargydynda niçik syr baryn
Ozal anmandyryn, indi bilýärin.
Ankawlyk bolarmy heý, mundan beter?
Sizin mana guran alynyz ýeser.
Sargydyny dostlaryna ýetirdim,
Indem öz basyma bela getirdim.
Basda pirimini bilmämson aýan,
Sana – peýda etdim, özüme zyýan».
«Sag bol haýysymy bitirenine,
Dostlarymdan habar getirenine.
Kim görnetin dana, akylly bolsa,
Kimin sesi belent, ýakymly bolsa,
Dasynda has mäkäm kapasa baryn,
Men öz ykbalyma garap bilýärin.
Taýymyn sen barkan ölen bolmagy
Oýlansykly gurlan ýalan bolmaly.
Çakym dogry bolsa, beýtmegi meger,
«Senem seýt» diýp, mana iberlen habar.
Aýyplasma, indi seni terk edýän,
Öz ýegre dostlarmyn ýanyna gidýän».
Hojaýyn dillendi: «Meni utdunyz
Hem örän gymmatly zat öwretdiniz.
Ýolun açyk bolsun, Alla ýar bolsun,
Ol size hemise howandar bolsun!
Mana sapak beren eý, paýhasly gus,
Uç dostlan ýanyna, taýyna gowus!»

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.