Her Ýigidiňaslyn Bileý Diýseňiz, – Magtymguly Pyragy

Her ýigidiňaslyn bileý diýseňiz,
Märekede otyr-turuşyn görüň!
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,
Owwal ykrarynda duruşyn görüň!
Uzak ýola gidip geler bolsaňyz,
Merdanalyk gyljyn çalar bolsaňyz,
Bir bedewi saýlap alar bolsaňyz,
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň.
Goç ýigidiň at-ýaragy şaý bolsa,
Ýetişer her ýerde haý-da haý bolsa,
Özi Hatam bolup, ene baý bolsa,
Çar tarapdan myhman gelişingöň!
Bir niçäni kyldyň maly-bisýary,
Bir niçäni kyldyň bir puluň zary,
Ýagşy-ýaman,barça adamyň bary
Nobat bile ötüp baryşyn görüň!
Taňry bizar erer zekatsyz baýdan,
Zynhar siz hem gaçyň ol gelen jaýdan,
Merde her iş düşse,görer hudaýdan,
Namardyň hemradan görüşın görüň!
Namart ýörer mydam ölümden gaçyp,
Öýüne gelende,zäherin saçyp,
Mert ýigit ölüme synasyn açyp,
Meýdanda ters söweş guruşyn görüň!
Zalymlar unudar zikri-allany,
Arzan alyp,gymmat satar gallany,
Süýthor naýynsaplar halal tyllany,
Haram peýdasyna berişin görüň!
Şeýtan melgun hergiz tagat etdirmez,
Haramdan gaýtarmaz,halal ýutdyrmaz,
Namaza uýdurmaz, roza tutdurmaz,
Lagnaty şeýtanyň talaşyn görüň!
Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar,
Köňli gyş bolmaýyn, daýym ýaz bolar,
Ýagşynyň köňlünde kıne az bolarö
Ýamanyň her günde uruşyn görüň!
Gadyrdan gardaşdan uzak, daş bolup,
Gadyrsyz ýat bile garyndaş bolup,
Magtymguly, näsazlara duş bolup,
Hojanyň, seýidiň ýöruşin görüň!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.