Her Sepilge Saçma Derdiň, Sözünni, – Magtymguly Pyragy

Her sepilge saçma derdiň, sözünni,
Hasret ody jismiň ỳakança bolmaz:
Gussa bile däne-däne gözünden
Eşki-nedamatyň akança bolmaz!
Kanyg bolup, yzzatda tut özünni,
Tama kylyp, sargartmagyn ỳüzünni,
Her namarda haỳyp eỳleme sözünni,
Sözünniň binasyn ỳykança bolmaz!
Magrur olup gezme ömrüň gülüne,
Sowrular sen bir gün hazan eline,
Ỳüz ỳaşaỳyp düşseň ajal eline,
Sagyndan soluna bakança bolmaz!
Süleỳmandan artyk bolsa şöwketin,
Lerzana getirse gökin haỳbatyn,
Göwsün üzre gürzi üzer rietin,
Ajalyň jellady kakança bolmaz.
Köňli gara bilen bolmanlar üçpet,
Ỳakar andan dürli-dürli kesapat,
Herçent ki kömürge eỳlesen yzzat,
Alnyňga garasy ỳokança bolmaz.
Magtymguly hergiz tapmady aman,
Til ỳamany tygdan, teberden ỳaman,
Ỳaman til ỳanynda zähri çoh ỳylan
Çaksa-da bir çybyn çakança bolmaz.
*
1“Til ỳamandan hergiz tapmadym aman„ diỳen setir hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.