Her Kişiniň Iki Bolsa Aýaly, – Magtymguly Pyragy

Her kişiniň iki bolsa aýaly,
Gije-gündiz işi kyl-u kal bolar.
Her biriniň bardyr ýüz muň hyýaly,
Owkat sürüp, gördüjeňi hal bolar.
Birin söýüp, birin eýlese naçar,
Ile ryswa bolup, öz aýbyn açar,
Akly haýran bolup, baryndan geçer.
Gähi bilbil kibi saýrar tilleri,
Tomaşadan häzir eder illeri,
Gähi er ýümruklap, gähi-külleri,
Ärin göre bilse, tilsiz-lal bolar.
Gahr eýleýip, gelmez bolsa ýanyna,
Söz aýtmasa her biriniň şanyna
Beýle är goşulmaz adam sanyna,
Iki hatyn, bir är – üç aýal bolar.
Magtymguly, kimse bilmez batyny,
Öülenseňiz, gapar alyň zatyny,
Eýäm görkezmesin ýaman hatyny,
Adam özün bilmez, ham hyýal bolar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.