Her Kim Suluw Diýr, Olmaz Ygtyýar, – Magtymguly Pyragy

Her kim suluw diýr, olmaz ygtyýar,
Suwbul saçy, gylça bili bolmasa:
Ýürekleri at başy dek batyrlar
Hatynça ýok at-ýaragy bolmasa.
Näleri görjekdir bu şum könüller,
Hazan ursa, solar açylan güller,
Bag içre saýraşan şeýda bilbiller
Torgaýça ýok, gonar güli bolmasa.
Sözleseň, her ýana öwser bu tiller,
Arkadan el össe, şuwlar şemallar,
Ýaşylbaş sonalar, gazlar garkyldar,
Haly harap düşer köli bolmasa.
Ahyr bir gün bolar ahyrzamany,
Ysrafyl sur çalsa, bolar zamany,
Gyrgy gören guşlar almaz awyny,-
Guş ganaty, tüý, guýrugy bolmasa.
Guşlar uça bilmez guýruk-ganatsyz,
Aşyk ýara etmez dady-perýatsyz,
Bir bedew hanazad bolar syýaksyz,
Guýrugy, käkili, ýaly bolmasa.
Ahyrzaman bolsa, şeýhden päl gaçar,
Kemalyň ýüzünden hat galmaý öçer,
Ýabandaky suwsyz aryga ogşar.
Her kimiň sahawat-haýry bolmasa.
Başyň goşma gadyr bilmez bezzada,
Goşsaň goşgul başyň bir asylzada,
Bir ýagmazak bulda meňzär howada,
Her kişiniň hümmet, haýry bolmasa.
Magtymguly, bildiň, mundag zamandyr,
Hele sudy bolsa, soňra zyýandyr,
Är ýigidiň içi doly armandyr.
Gara göz, niçe bil ýary bolmasa.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.