Hemderd Ölüp,içgi-Içgin Sormayan, – Magtymguly Pyragy

Hemderd ölüp,içgi-içgin sormayan,
Nä bilsin bir görüp gitse daşymdan.
Kämil bolup,jan gulagyn bermeyen,
Aňa bilmez öten işi başymdan.
Aňa bilmen,ahyrym ne terze men,
Köp wagtlar goşulmadym herze men.
Yaratgandan yetmiş yedi ryza men,
Yagşy-yaman,her ne gelse başymdan.
Ey hykarat bile bakan bizlere,
Mejaz bilip,müňkür bolma sözlere,
Halal lukma yagtylyk biyr gözlere,
Tutgul,yagny bilgil,nan-u aşymdan.
Arpa nany besdir,tapsaň damaga,
Ömür bakasyna düşme tamaga,
Köňül turar,‘‘Huw!‘‘ diyr suyy-asmana,
El üzsem diyr,köwüş,muze,peşimden.
Magtymguly çekip duşman neharyn,
Pişäm yuwutmakdyr yaman gaharyn,
Ötürip men yigitligiň baharyn,
Gutulmak yok garrylygyň gyşyndan.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.