Haryñ Işi Hardyr, Dostlar, – Magtymguly Pyragy

Haryñ işi hardyr, dostlar,
Müñ magtasañ ,atça bolmaz,
Bedasyla emel etse,
Biliñ, asylzadça bolmaz.
Pany dünýäge ynanmañ,
Altyn-kümüşe guwanmañ,
Giýewlere köñül bermäñ,-
Bir dogan zürýatça bolmaz.
Köp ýollarny görse gözüñ,
Her magnydan bilseñ özüñ,
Bir nadana aýdan sözüñ,
Ösüp giden badça bomaz.
Başyñ ýassyga ýetende,
Sabyr, karar bolmaz sende,
Güýjüñ-kywwatyñ gidende,
Ogul-gyzyñ ýatça bolmaz.
Magtymguly ajap çaglar,
Kimse güler, kimse aglar,
Dürli miwe beren baglar,
Sowular, jennetçe bolmaz.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.