Harazban Goluna Duşse Algyr Baz – Magtymguly Pyragy

Harazban goluna duşse algyr baz
Ganatdan aýyrar,gadryn näbilsin.
Bir çopan eline degse bir almaz,
Çakmak daşy kylar,gadryn näbilsin.
Pakyra mynasyp sabr-u kanagat,
Baýlar ýaraşygy hayr-u sahawat,
Har beslän täjige düşse şalyk at,
Palan çeker sürer,gadryn näbilsin.
Kämil bolmaz ol şerbetden datmaýan,
Hezl eýlemez söz aslyna ýetmeýen,
Däli mejnun yşky eser etmeýen,
Perizat Leýliniň gadryn näbilsin.
Meýlis girip,märekäge barmaýan,
Beglik ede bilmez,berim bermeýen,
Çölde açlyk muşakgatyň görmeýen,
Öýde yssyg nanyň gadryn näbilsin.
Ötenden soň,aňlar adam döwletiň,
Bilmez döwlet bile geçen nobatyň,
Çekmeý kişi bimarlygyňzähmetin,
Bu gözel saglygyň gadryn bäbilsin.
Rysmanyn berk edip,labyr salmaýan,
Girdaba ugraşar häzir bolmaýan,
Kiştisi kölekde bendil galmaýan,
Gury gara ýeriň gadryn näbilsin.
Aýralyk oduna ýanyp bişmeýen,
Zalymlar elinden ülke aşmaýan,
Watandan aýrylyp,garyp duşmeýen,
Ülkesinde iliň gadryn näbilsin.
Ýigit degil bir ykrarda durmasa,
Ulag gadryn bilmez kişi armasa,
Ördek,gubba gazlar çöli görmese,
Serçemenli köliň gadryn näbilsin.
Magtymguly aýdar,ýar-u hemdemge
Geliň,dostlar,şükr edeliň bu demge,
Zatynda söz pähmin bilmez adamga,
Müň magny söýleseň,gadryň näbilsin.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.